Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Kuweýt bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Kuweýt bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan Kuweýt bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagynda aýdylýar. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, öňegidişliklere esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady we gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Kuweýt Döwletiniň dostlukly halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Nebitgaz №33
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№33

2026-njy ýylyň awgust aýynyň 18-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993