Türkmenistan Kuala-Lumpurda ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forum geçirer

Türkmenistan Kuala-Lumpurda ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forum geçirer

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forum (TEIF 2025) geçiriler. Bu barada çäräniň guramaçylarynyň web sahypasynda habar berilýär.

Forumda halkara maýadarlar, hökümet wekilleri, pudak ýolbaşçylary we bilermenler Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynda maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek we strategik ösüşleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanarlar.

Esasy guramaçylar hökmünde Türkmenistanyň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Söwda-senagat edarasy hem-de “Türkmen Energetika Forumy” hojalyk jemgyýeti çykyş edýärler.

Forumda energiýa, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk we maliýe ýaly ulgamlara gönüden-göni maýa goýumlaryny çekmek hem-de energiýa pudagynyň durnukly ösüşi barada gepleşikleriň ösdürilmegi maksat edinilýär. Çärä dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan 300-den gowrak wekil gatnaşar.

Forumyň dowamynda tebigy gazy eksport etmek, täze gaz desgalaryny gurmak, elektrik energiýasyny öndürmek, çyg mallary netijeli ulanmak, metan we CO2 zyňyndylaryny azaltmak, gün we ýel energiýasy ýaly täzelenip bilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek we nebiti gaýtadan işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalara serediler.

Beýleki temalaryň hatarynda: iri gurluşyk taslamalary, ulag, logistika, maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, dokma, oba hojalygy we azyk önümleriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek bar.

Bu ýyl TEIF 2025 Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpuryň merkezinde ýerleşýän abraýly Kuala Lumpur Konferensiýa Merkezinde (KLCC) geçiriler.

Forum hakyndaky giňişleýin maglumat guramaçylaryň web sahypasynda elýeterlidir: https://teif-turkmenistan.com.

Nebitgaz №33
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№33

2026-njy ýylyň awgust aýynyň 18-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993