Türkmenistan energetika, ulag we beýleki ugurlarda YHG agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan energetika, ulag we beýleki ugurlarda YHG agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada türkmen wekiliýeti 17–18-nji oktýabrda Bagdatda geçirilen YHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisinde mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-sahypasynda habar berilýär.

Mejlisiň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Gurama agza döwletleriň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzyň YHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Çykyşda Türkmenistanyň halkara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, dialogy we öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, şeýle hem halkara hukugynyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti bellenildi. Bu başlangyç Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanyldy.

Bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine hem aýratyn orun berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda (ICESCO) synçy derejesine eýe bolandygy bellenildi. Bu bolsa agzalan ugurlarda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Mejlisiň möhüm netijeleriniň biri Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişliginde we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň kabul edilmegi boldy.

Kararnamanyň Guramanyň agza döwletleri tarapyndan goldanylmagy bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde ähmiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini tassyklaýar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy belleýär.

Nebitgaz №42
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№42

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 20-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993