Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy diýip, TDH agentligi habar berýär.

Günortanlyk nahary wagtyndaky duşuşygyň  dowamynda söhbetdeşler iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu bolsa özara bähbitlere laýyk gelýän ynanyşmak dialogynyň kemala gelmegine ýardam berýär.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993