Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-iň Başlygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-iň Başlygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine bolan iş saparynyň jemleýji gününde Halk ýygnaklar öýünde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän hem-de uzak geljegi nazara alyp ýola goýulýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-e iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993