Türkmenistanyň Prezidenti COP 28 forumyna gatnaşmak üçin Dubaýa bardy

Türkmenistanyň Prezidenti COP 28 forumyna gatnaşmak üçin Dubaýa bardy

Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa ugrady.

Birnäçe wagtdan soň döwlet Baştutanynyň uçary Dubaýdaky Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň we ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini, şeýle hem onuň gün tertibine dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň giriziljekdigini nygtady.

«Türkmenistan wajyp ykdysady wezipeleri çözmekde jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň «COP28» maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň beýanydyr» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993