Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň çäginde awtoulaglara ýangyç guýujy täze beket açyldy. Ol bir gije-gündiziň dowamynda 1500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen.
Ýangyç guýujy beketde degişli hyzmatlaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün edýän ähli zerur şertler döredilipdir.
Bu ýerde işleýän hünärmenleriň netijeli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmagy bolsa hödürlenilýän hyzmatlaryň, alnyp barylýan işleriň ýokary derejede amal edilmegine ýardam berýär.