Prezident tebigy gazy ibermegiň, peýdalanmagyň Kadalaryny kämilleşdirmegiň zerurlygyny nygtady

Prezident tebigy gazy ibermegiň, peýdalanmagyň Kadalaryny kämilleşdirmegiň zerurlygyny nygtady

16-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bu düzüme öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, pudagyň işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek hem-de tebigy gazy ibermegiň, peýdalanmagyň Kadalaryny kämilleşdirmek boýunça-da zerur çäreler görülýär.

Prezident hasabaty diňläp, bu Kadalary kämilleşdirmekde alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de olaryň döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993