“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşen “Nebitgazçykaryş” trestiniň tehnoparky ýakynda HHR-de öndürilen ýokary öndürijilikli tehnikalaryň 30 sanysy bilen ýetirildi. Trestiň nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «TY 160G» kysymly täze buldozerleri uly minnetdarlyk bilen kabul etdiler. Bu tehnikalar ýokary talaplara laýyklykda, giň gerimli işleri durmuşa geçirmek üçin niýetlenendir.
Balkanabat şäherinde material-tehniki üpjünçilik çäginde geçirilen dabara konserniň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, nebitçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşulular gatnaşdylar.
Baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan kuwwatly buldozerler trestiň nebitgaz känlerini özleşdirmekde we işläp taýýarlamakda, turbalary geçirmekde we olary oturtmakda, uglewodorod ýataklaryna ýollary çekmekde, bar bolan ýollary arassalamakda we meýdançalary buraw işlerine taýýarlamakda peýdalanylar.
Dabarada çykyş edenler nebitgaz pudagynyň ösmegi üçin çäksiz goldawy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdiler. Asylly däplere eýerip, ene-mamalarymyz täze tehnikalara un sepdiler, alaja dakdylar. Uzak ýyllaryň dowamynda pudakda zähmet çeken ýaşulular, şeýle hem bu ýere ýygnanan nebitçiler täze buldozerler bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
“2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzda “gara altyny” çykarmakda öňdebaryjy bolup durýan “Türkmennebit” döwlet konserni geologiýa gözleg işlerini, buraw işlerini, şeýle hem guýularyň düýpli abatlaýyş işlerini giň gerimde amala aşyrýar. Munda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň goldawy bilen satyn alnyp berilýän kuwwatly tehnikalar ýakyn ýardamçy bolup hyzmat edýär.