2024-nji ýylda ilkinji bäbek Arkadag şäherinde dünýä indi

2024-nji ýylda ilkinji bäbek Arkadag şäherinde dünýä indi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda badalga alan 2024-nji ýylyň ilkinji günleriniň şatlykly habarlarynyň biri hem täze ýylyň ilkinji bäbeginiň dünýä inmegi boldy. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde doglan bu oglanjyga onuň ata-enesi Arkadag diýip at goýdular.

Çaganyň agramy 4 kilogram 230 gram we boýy 54 santimetr ölçeglerde bellige alyndy. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, onuň saglyk ýagdaýlary kanagatlanarly.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmenaragatnaşyk” müdirliginiň önümçilik-dispetçer gullugynyň dispetçeri Sapardurdy we Ogulabat Kakageldiýewleriň maşgalasynda perzendiň dünýä inmegi mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu bagtyýar maşgala iberen ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylyp, gutlaglar aýdyldy. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinden bolan maşgalada bu eýýäm üçünji perzent.

Şatlyk habary bäbejigiň enesi Bibigözel ejä aýdylanda, ol bu ýakymly habary eşiden badyna ogluna seredip: “Bäbejigi Arkadag diýip atlandyraly” diýip aýtdy. Ogly ejesiniň teklibini makullady.

Üçünji perzendiň ejesi bolmak bagty miýesser eden Ogulabat ejäniň ýüzünde şatlyk duýgulary püre-pürdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993