Prezident tebigy gazy ibermegiň, peýdalanmagyň Kadalaryny kämilleşdirmegiň zerurlygyny nygtady
18.12.23 - 17:2216-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan giň gerimli nebitgaz taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär
16.12.23 - 10:36Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny gazanmagy, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi hem-de onuň halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyny ugur edinýän giň gerimli nebitgaz taslamalary amala aşyrylýar.
Aşgabatda täze AÝGB işe girizildi
16.12.23 - 09:12Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň çäginde awtoulaglara ýangyç guýujy täze beket açyldy. Ol bir gije-gündiziň dowamynda 1500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen.
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabaralar geçirildi
15.12.23 - 10:4914-nji dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi. Çärä ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti: Biziň Bitaraplygymyz — parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämiz
13.12.23 - 14:43Sişenbe güni, 12-nji dekabrda türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belläp geçdi.
Nebitgaz toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy
11.12.23 - 15:469-njy dekabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Birža söwdalarynda daşarky bazara ЕСО-93 awtobenzini, içerki bazara polipropilen satyldy
11.12.23 - 14:36Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 39-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 11 aýda 6,3%-e deň boldy
11.12.23 - 14:3811 aýda Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow geçen anna güni Hökümet mejlisinde habar berdi.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynda 11 aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri maslahatlaşyldy
11.12.23 - 14:39Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisinde türkmen gazyny Türkiýä ibermegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
08.12.23 - 08:346-njy dekabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisinde türkmen tebigy gazyny türk bazaryna ibermegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň wise-prezidenti bilen döwletara gatnaşyklarynyň geljegini maslahatlaşdy
07.12.23 - 13:06Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi diýip, TDH habar berýär.
Prezident: Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi we işewürlik forumy iki ýurduň haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder
07.12.23 - 13:08Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belledi. Sergi çarşenbe güni Aşgabatda açyldy.
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
07.12.23 - 04:06Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
07.12.23 - 04:07Sişenbe güni Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.