Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” kitaby rus dilinde neşir edildi
18.05.22 - 18:1717-nji maýda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Döwletgeldi AKMÄMMEDOW, «Nebit-gaz» gazetiniň korrektory, şahyr:
18.05.22 - 19:24— «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň girişinde Gahryman Arkadagymyz diňe bir geçilen ýol we edilen işler barada oýlanmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşda mundan beýläk-de nämeleri etmelidigi barada pikirlenmegiň her bir adamyň borjudygyny aýratyn nygtaýar. Bu bolsa, her bir adam üçin örän möhümdir.
Güller ORAZOWA, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmenistanyň geologiýa gaznasynyň esasy hünärmeni:
18.05.22 - 19:27— Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza «Ömrümiň manysy» atly kitabyny sowgat etdi, täze eser uly jemgyýetçilik seslenmesine eýe boldy hem-de ýurdumyzyň giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretdi.
Atda ATDAÝEW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň başlygynyň w.w.ý.ý:
18.05.22 - 19:30— Biz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň çapdan çykanlygy baradaky hoş habary guwanç bilen kabul etdik. Täze eseriň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilmeginiň çuň manysy bar, çünki bu döwürde ýurdumyz taryhy ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy.
Uzynadada tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň senagat akymyny alyndy
17.05.22 - 15:53Türkmenistanyň Konstitusyýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygynyň öň ýanynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň “Ekerem” buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Röwşen Garaýewiň we buraw ussasy Öwez Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary Uzynada känindäki taslama çuňlugy 6750 metr bolan 77-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap bu guýynyň 6692-6706 metr çuňlugyndan tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň senagat akymyny aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.
17.05.22 - 19:29Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň hemde Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçilerine “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz ýerlenildi.
Nebitgaz toplumynyň düzümlerine sanly ulgam ornaşdyrylýar
17.05.22 - 14:12Prezident Serdar Berdimuhamedowyň anna güni geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşdyldy. Döwlet Baştutany bu babatda wise-premýerleriň hasabatlaryny diňledi we bu ugurda amala aşyrylan işlere baha berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň filosofik pikirleriniň çeşmesinden ylham alyp
13.05.22 - 17:11Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze edebi-filosofik işi bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara toplumyň düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň Parlamentarileri strategiki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin çözgütleri işläp düzmelidirler
14.05.22 - 20:28Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Parlamentarileri strategiki ugurlar boýunça ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dessin çäreleri işläp düzmelidirler we kabul etmelidirler. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda eden çykyşynda belledi.
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Komitetiň mejlisine taýýarlyk maslahatlaşyldy
14.05.22 - 20:27Türkmenistanyň Daşary işler ministri Rasid Meredowyň BAE-niň diplomaty, Ilçi Mohamed Said Mohamed Al Ariki bilen geçiren duşuşygynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi wodorod energetikasynyň geljegini maslahatlaşmak boýunça çäre gurady
14.05.22 - 20:29ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Türkmenistanda «ýaşyl» wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň synag taslamasyny maslahatlaşmak üçin tegelek stol görnüşinde onlaýn çäre gurady diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Gyýanly polimer zawodynda izobutanyň önümçiligi ýola goýlar
13.05.22 - 14:22Balkan welaýatynda ýerleşen Gyýanly polimer zawodynda izobutan önümçiligi boýunça desga gurlar. Muňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli karary şaýatlyk edýär.
Yslamabatda energetika ulgamynda Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalary ilerletmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
11.05.22 - 22:24Türkmenistanyň Ilçisiniň Pakistanyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda Türkmenistan bilen energetike ulgamyndaky bilelikdäki taslamalarynyň mundan beýläk hem ilerledilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Dört aýyň jemlerine garaldy
10.05.22 - 16:46Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 6-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Boldumsazetrapgaz» müdirligi etrapda gaz üpjünçilik meselelerini üstünlikli çözýär
11.05.22 - 14:22«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň işgärleri ilaty, etrapdaky edara-kärhanalaryny «mawy ýangyç» bilen durnukly üpjün etmeklerini dowam edýärler. Häzirki wagtda gazçylar gije-gündizleýin dürli diametrli 997 kilometrlik gaz geçirijilerine, şeýle hem 336 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalara hyzmat işlerini ýerine ýetirýärler.