Türkmenistanyň DIM-inde Eýranyň täze bellenen ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
07.11.23 - 11:19Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda daşary ýurtlara awiakerosin, içerki bazara — polipropilen ýerlenildi
07.11.23 - 11:18Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Daewoo Engineering & Construction Aşgabatda şahamçasyny açdy
06.11.23 - 15:08Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Daewoo Engineering & Construction koreý kompaniýasy 31-nji oktýabrda Aşgabatda şahamçasyny açdy. Bu şahamça Merkezi Aziýada kompaniýanyň işini giňeltmek üçin öňdebaryjy baza öwrüler diýip, kompaniýanyň Metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy TDG-niň ýurtlaryna energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanmagyny teklip etdi
03.11.23 - 15:11Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 10-njy Sammitindäki çykyşynda TDG-niň düzümine gatnaşýan ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanmagyny teklip etdi.
Türkmenistan noýabrda GFR-de we Beýik Britaniýada işewürlik forumlaryny geçirer
03.11.23 - 13:18Türkmenistanyň wekiliýeti noýabr aýynda Berlinde we Londonda işewürlik forumlaryny geçirer. Penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy
03.11.23 - 13:17Anna gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapar bilen bardy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
03.11.23 - 13:16Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy.
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Hökümetara ylalaşyga gol çekdiler
02.11.23 - 12:22Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Çžiniň arasynda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga» gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.
«Sibir elektrotehniki zawody» Türkmenistanda serwis merkezini açmagy meýilleşdirýär
02.11.23 - 12:21«Sibir elektrotehniki zawody» Türkmenistanda serwis merkezini açmagy meýilleşdirýär. Bu meýilleri barada Nowosibirskiden «Sibir elektrotehniki zawody» ÝGPJ-niň umumy meseleler boýunça baş direktorynyň orunbasary Andreý Ýekimow 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2023) halkara forumynda belläp geçdi.
«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» forumynda ykdysadyýet ulgamynda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi
02.11.23 - 12:231-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň netijeleri boýunça Daşary işler ministrleriniň bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Şeýle-de, bu forumyň sekretariatynyň 2024-nji ýyl üçin iş maksatnamasy tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda neşir edilen Metbugat beýanynda habar berilýär.
Türkmenistan we Özbegistan 2023-2024-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk «Ýol kartasyna» gol çekdiler
02.11.23 - 12:24Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri R.Meredow we B.Saidow 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (“Ýol kartasyna”) gol çekdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Dragon Oil 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul dereje ýakylyşyna geçer
01.11.23 - 10:49Dragon Oil kompaniýasy 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul derejede ýakylyşyna geçmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Ali Raşid Al-Jarwan habar berdi. Ol şeýle hem bu çäräniň uglewodorodlaryň çykarylyşyny ekologiýa taýdan howpsuz etjekdigini nygtady.
Türkmenistan we Pakistan TOPH-nyň owgan böleginiň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirer
31.10.23 - 13:22Türkmenistan we Pakistan TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirer diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
TNGIZT-de iki sany täze gaz turbinaly elektrik bekedi işe giriziler
31.10.23 - 13:24Balkan welaýatynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasy ulanyşa girizler.
HNGU-nyň Wodorod energetikasy merkezinde suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjy alyndy
31.10.23 - 13:30Türkmenistanyň alymlary ilkinji bolup suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny aldylar. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wodorod energetikasy merkeziniň direktory Hakberdi Hoşdurdyýew 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.