Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahata gatnaşýar
18.10.23 - 14:52Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatyna gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa saparynyň çäklerinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşar
17.10.23 - 15:35Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berýär.
Kabul TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlamaga taýýarlyk görýär
17.10.23 - 15:37Kabul Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy üçin ýeri bölüp bermek boýunça çözgüdi kabul edendigini we taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirip başlamaga taýýardygyny mälim etdi diýip, TOLOnews owgan neşiri habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda awiakerosin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz we nebit bitumy geleşikleriň özenini düzdi
17.10.23 - 15:36Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 65-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti: ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek — GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrudyr
16.10.23 - 13:18Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Aşgabadyň Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrunyň ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bolup durýandygyny belledi.
«Gazprom» Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek hakynda Eýranyň pikirini öwrener
16.10.23 - 13:19«Gazprom» Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek hakynda Eýranyň pikirini öwrener.
Serdar Berdimuhamedow Bişkekde GDA-nyň Sammitine gatnaşýar
13.10.23 - 18:02Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkege iş saparynyň barşynda ýokary derejedäki kiçi düzümdäki duşuşyk bilen başlanan GDA agza ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
13.10.23 - 18:01Bişkege iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana bardy
13.10.23 - 07:3813-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş sapary bilen bardy diýip, TDH habar berýär.
Dabaraly maslahat geçirildi
12.10.23 - 07:11Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleridir ýolbaşçylary, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti: Türkiýä boljak resmi saparymyz türkmen-türk gatnaşyklarynda täze sahypany açar
12.10.23 - 15:50Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Hyundai Engineering Aşgabatda OGT-2023-de kümüş hyzmatdaş bolup çykyş eder
12.10.23 - 16:1025-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» (OGT 2023) Halkara sergisiniň we maslahatynyň başlanmagyna iki hepdeden hem az wagt galdy. Bu ýurdumyzyň energetika pudagy üçin möhüm çäreleriň biri bolup, onda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň wekiliýeti Rumyniýada energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
11.10.23 - 17:37Sişenbe güni Rumyniýanyň energetika ministrliginiň binasynda nobatdaky Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda polipropilen, suwuklandyrylan gaz we ECO-93 awtobenzini satyldy
11.10.23 - 17:38Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowa dabaraly ýagdaýda «Arkadag» medaly gowşuryldy
11.10.23 - 17:37Sişenbe güni, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde Prezident Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.