BAE-den we Owganystandan gelen işewürler TDHÇMB-niň söwdalarynda «Türkmennebit» DK-nyň önümlerini satyn aldylar
08.08.23 - 11:00Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Türkmenistan Özbegistan we Täjigistan bilen gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy teklip etdi
07.08.23 - 12:13Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitinde türkmen tarapy gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygyň geljegine garamagy teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde metbugat maslahatynda aýtdy.
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan ýylyň ahyryna çenli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikleri geçirer
07.08.23 - 12:12Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitgaz we elektrik energiýasy ulgamynda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garamak boýunça gepleşikleri geçirerler. Bu barada Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleriniň Aşgabat sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi
04.08.23 - 14:20Aşgabat şäherindäki «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda geçirilen birinji üçtaraplaýyn sammit Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda sammitde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar
04.08.23 - 08:40Şu gün, 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we Russiýa Hytaýa gaz ibermekde ulgamynda bäsdeşler däldir — RF-niň ilçisi
03.08.23 - 14:53Russiýa we Türkmenistan Hytaýa gaz ibermek ulgamynda bäsdeşler däldir. Bu barada RF-niň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy.
Türkmenistan bilen Hytaýyň haryt dolanyşygy birinji ýarym ýylda 12,3% artdy
02.08.23 - 10:352023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 12,3% artdy. Ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň umumy möçberi $5,55 mlrd deň boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi energetika ulgamynda Aşgabadyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady
01.08.23 - 10:56Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşygynda Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurt puluna «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
01.08.23 - 10:57Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär
31.07.23 - 09:36Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
31.07.23 - 09:35Şenbe güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistan we Singapur birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe — DIM
28.07.23 - 13:49Türkmenistan we Singapur dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdiýewiň Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halime Ýakoba ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.
Ýarym ýylyň jemi boýunça Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşy 10% artdy
27.07.23 - 14:46«Türkmennebit» döwlet konserni şu ýylyň birinji ýarymynda Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşyny 10% artdyryp, bu görkezijini ýarym million tonnadan gowrak derejä ýetirdi. Şol bir wagtda bellenilen meýilnamadan artyk 10 müň 125 tonna nebit çykaryldy.
BAE Bioýangyjyň global birleşigine goşuldy
27.07.23 - 14:48Birleşen Arap Emirlikleri Hindistan, Beýik Britaniýa we ABŞ tarapyndan döredilen Bioýangyjyň global birleşigine goşuldy. Bu barada BAE-niň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Suheýl al-Mazrui habar berdi diýip, TASS ýetirýär.
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň geçiriljek sammitiniň gün tertibini maslahatlaşdylar
27.07.23 - 14:49Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri S.Muhriddiniň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda geçirilen geňeşmelerde üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň awgust aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek Sammitine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.