Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Merkezi Aziýa we Hytaý sebitinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
19.05.23 - 13:15Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi çagyrdy. Bu barada Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň we Hytaýyň Liderleri ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny tassykladylar
19.05.23 - 13:15“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin 18-nji maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen baran Prezident Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» Sammitinde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleler maslahatlaşylar — bilermenler
17.05.23 - 14:02Hytaýyň gadymy Sian şäherinde 18-19-njy maýda geçiriljek «Merkezi Aziýa- Hytaý» sammitinde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek mowzugy ilaru tutulýan ugurlaryň biri bolar diýip meşhur seljeriş merkezleri hem-de syýasatçylar belleýär.
ÝTÖB 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini çaklaýarlar
17.05.23 - 14:03Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) maý aýyndaky «Sebitleýin ykdysady mümkinçilikler» synynda 2023-2024-nji ýyllardan Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşine çaklamasyny çap etdi.
Prezident 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň we beýleki maksatnamalaryň taslamalaryny öz wagtynda işläp düzmegi tabşyrdy
16.05.23 - 11:51Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Karara gol çekdi.
Russiýaly alymlar öňki nebit ýataklarynda bug gazlaryny ýygnamagy teklip etdiler
16.05.23 - 11:51Russiýaly alymlar öňki nebit ýataklarynda bug gazlaryny ýygnamagy teklip etdiler. Barlaglary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Mehanika ylmy barlag institutynyň Umumy gidromehanika barlaghanasynyň hünärmenleri geçirdi diýip, nebitgaz maglumatlary agentligi habar berýär.
HEA: dünýäde nebiti we gazy çykarmakda zyňyndylaryň azaldylmagy üçin 600 mlrd amerikan dollary gerek bolar
16.05.23 - 13:22Halkara energetika agentliginiň (HEA) analitikleriniň bahalandyrmagyna görä, dünýä nebitiň we gazyň çykarylyşynda zyňyndylaryň iki esse azaldylamgy 600 mlrd dollar möçberde maýa goýumlaryny talap edýär.
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
15.05.23 - 05:21«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň 2023-nji ýyldaky birinji sany çapdan çykdy.
Türkmenistanda nebitgaz toplumyna täze wise-premýer bellenildi
15.05.23 - 09:53Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynyň meseleleri boýunça täze wise-premýer wezipesine Amanow Batyr Amangeldiýewiç bellenildi. Ondan öň ol «Türkmengaz» döwlet konsernine ýolbaşçylyk edýärdi.
Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi
15.05.23 - 09:54Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.
«Türkmengaz» döwlet konsernine täze başlyk bellenildi
15.05.23 - 09:55Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine Maksat Babaýew bellenildi. Ondan öň, ol konserniň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýärdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Premýer-ministri bilen täze ulag geçelgelerini döretmek meselesini maslahatlaşdy
12.05.23 - 13:15Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerini baglanyşdyrýan täze üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň maksadalaýyklygy Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen geçiren duşuşygynda beýan edildi diýip, TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda awtobenzin we suwulandyrylan gaz eksporta iberildi
12.05.23 - 13:16Çarşenbe güni, 10-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $30,8 mln amerikan dollaryna deň bolan 29 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT habar berýär.
Aşgabatda iýunda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» halkara ylmy maslahaty geçiriler
11.05.23 - 14:01Türkmenistanda «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly halkara ylmy maslahatyna taýýarlyk işleri başlandy. Maslahaty iýun aýynyň ortalarynda geçirmek meýilleşdirilýär, häzir bolsa forumyň gün tertibi düzülýär hem-de prezentasiýa teklipleri kabul edilýär.
Serdar Berdimuhamedow: Täjigistan Respublikasy Türkmenistan üçin möhüm hyzmatdaş
11.05.23 - 14:46Çarşenbe güni, 10-njy maýda Duşenbe şäherinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikiçäk görnüşde hem-de giňişleýin düzümde gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.