
Serdar Berdimuhamedow Şahbaz Şarifi Pakistanyň Premýer-ministri saýlanmagy bilen gutlady
14.04.22 - 12:24Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

TDHÇMB-niň söwdalarynda awtobenzin, suwuklandyrylan gaz, propilen we nebitgaz toplumynyň beýleki önümleri satyldy
14.04.22 - 12:23Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.

Ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine garaldy
12.04.22 - 00:09Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2%-de saklanýar
12.04.22 - 01:24Şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa, 10 göterim ýokarlandyryldy, diýip döwlet Baştutany nygtady.

Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işiniň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi
12.04.22 - 01:26Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň barşynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşiniň şu ýylyň birinji çärýegi boýunça netijeleri jemlenildi. Şol sanda nebitgaz toplumynyň işiniň netijelerine garaldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow hasabat berdi.

Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi
12.04.22 - 01:27Türkmenistanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedow 8-nj aprelde Aşyrguly Begliýewi Prezidentiň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.

Serdar Berdimuhamedow: Biz Türkmenistanda Russiýa bilen gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris
08.04.22 - 23:54Biz Türkmenistanda Russiýa bilen gatnaşyklary gyşarnyksyz ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris, diýlip Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagynda aýdylýär.

Wladimir Putin: bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün ederis
08.04.22 - 23:58Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.

Petronas «Şa-Deňiz» taslamasyndan çykýanlygy sebäpli, Azerbaýjandaky şahamçasyny ýapýar
07.04.22 - 22:10Petronas Azerbaijan (Shah Deniz) kompaniýasy Azerbaýjandaky şahamçasyny ýapýar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz toplumyna ýolbaşçylary belledi
07.04.22 - 16:07Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hakynda karara gol çekdi. Şol sanda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bellenildi.

Daşoguz welaýatynda gaz bilen üpjünçiligiň gerimi artýar
05.04.22 - 23:39«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýyl üçin goýlan meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirýärler. Ýanwar-fewral aýlarynda kärhananyň işçileri uzynlygy 550 km töweregi bolan dürli basyşly bitewi gaz ulgamynyň, şeýle hem 444 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalaryň durnukly işini ýola goýdular. Netijede döwür üçin bellenilen meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň bahasy 26,7 million dollardan geçdi
04.04.22 - 17:21Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 26 million 722 müň dollaryndan gowrak geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan ulag we energetikany Hindistan bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki ugurlary hökmünde görýär
05.04.22 - 15:16Türkmenistan ulag we energetika ulgamlaryna türkmen-hindi ykdysady hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary hökmünde garaýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen şenbe güni Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen geçiren gepleşiklerinde belledi.

Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleriniň duşuşygy özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge itergi berer
05.04.22 - 15:171-nji aprelden Türkmenistana döwlet sapary bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind geldi. 2-nji aprelde “Oguz han” köşkler toplumynda ýokary derejedäki türkmen-hindi gepleşikleri geçirildi. Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki döwletiň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Owganystan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmekde aýratyn orna eýedir
02.04.22 - 16:05Owganystan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bu ýurduň gatnaşmagynda halkara infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn orna eýedir. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahatynda eden çykyşynda belledi.