
Gurbanguly Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlarynda gaz pudagyny ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi
06.01.22 - 01:10Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dünýädäki iň uly «Galkynyş» gaz känine baryp gördi
05.01.22 - 16:023-nji ýanwarda 2022-nji ýylyň ilkinji iş gününde Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinden dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.

Gazturbinaly elektrik bekediniň açylmagy Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygynyň möhüm netijeleriniň biri — ilçi
04.01.22 - 16:46Sentýabr aýynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda Ýaponiýa tarapyndan gurlan gazturbinaly elektrik bekediniň açylyp ulanylmaga berilmegi geçen ýylda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Bu barada Ýaponiýanyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň ilatyna iberen Gutlagynda belläp geçýär. Gutlag ilçihananyň resmi saýtynda neşir edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
01.01.22 - 16:13«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene-de az salymdan biz üstünliklere beslenen şu ýyl bilen hoşlaşyp, täze — 2022-nji ýyly uly şatlyk we arzuw-umytlar bilen garşylarys.

Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri belent sepgitleri eýeleýärler
01.01.22 - 16:17«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary öndürijilikli gaz ýataklaryndan tebigy gaz çykarmakda ýokary netijeleri gazandylar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» – buýsançly zaman
31.12.21 - 15:52Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, nebitgaz toplumumynyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy.

ABŞ-da ätiýaçlyklaryň azalmagy netijesinde nebit gymmatlamagyny dowam edýär, Brent — 79,39 dollar
31.12.21 - 15:36Geçen hepdede ABŞ-da nebit ätiýaçlyklarynyň garaşylyşyndan has köp azalmagy netijeisnde penşenbe güni irden nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam etdi.

Gaz OPEC-i döredilmez — gazyň ählumumy bazary heniz ýeterlik derejede ösmedi — Russiýanyň wise-premýeri
30.12.21 - 16:20Ählumumy gaz bazaryna gatnaşyjylar OPEC mysalynda ählumumy bazar kadalaşdyryjysyny döretmekden heniz uzakda. RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowagyň bellemegine görä, gaz bazary munuň üçin heniz ösüp ýetişmedi diýip Interfaks habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
30.12.21 - 16:2128-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitiniň işine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy.

Gurbanguly Berdimuhamedow: 2021-nji ýyl örän kynçylykly bolsa-da, ýurdumyz üçin, umuman, gowy ýyl boldy
29.12.21 - 00:20Geçip barýan ýylyň jemlerine baha bermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow örän kynçylykly bolsa-da, onuň biziň üçin, umuman, gowy ýyl bolandygyny belledi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow tamamlanyp barýan ýylda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky jemleýji bilelikdäki mejlisinde belledi.

«Nebitgazçykaryş»: 11 aýda 503 sany guýy abatlanyldy
28.12.21 - 15:36«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň «Nebitgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri 2021-nji ýylyň başyndan bäri ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Kärhana ýanwar-noýabr aýlarynda 503 sany guýyny abatlap, ulanyşa girizdi.

Hökümet mejlisinde Balkan welaýatyndaky nebitgaz kärhanalarynyň işine garaldy
28.12.21 - 15:37Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatynda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million dollaryndan gowrak boldy
28.12.21 - 15:38Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 68-si hasaba alyndy.

2021-nji ýylda «Gazprom» türkmen gazynyň satyn alnyşyny iki esse artdyrar — RF-niň Türkmenistandaky ilçisi
26.12.21 - 15:532021-nji ýylda «Gazprom» tarapyndan Türkmenistandan satyn alynýan gazyň möçberi iki esse artyp, takmynan, 10 mlrd kub metre barar. Bu barada anna güni RF-niň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ýyllyk jemlerine bagyşlanyp, ilçihanada geçirilen metbugat-maslahatynda beýan etdi.

Türkmenistan ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa 6,1 mlrd dollarlyk tebigy gaz eksport etdi
26.12.21 - 15:54Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça öňdeligi saklap gelýär. HHR-nyň Baş gümrük müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi arkaly 6,1 mlrd dollarlyk 21,91 mln tonna möçberde türkmen tebigy gazy iberildi.