Prezident «Türkmengeologiýa» DK-nyň geologiýa gözleeg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy
10.07.23 - 11:01Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy gözleg işini kämilleşdirýär
09.07.23 - 06:28Geçen anna güni bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Batyr Amanow gözegçilik edýän düzümleriniň, hususan-da, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
«Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly» atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi
07.07.23 - 07:186-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Yslam ösüş bankynyň ilkinji prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen “Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
OPEK-iň baş sekretary nebit çykarylyşyny azaltmak boýunça ýakynda kabul edilen kararyň dogrulygyna ynanýar
07.07.23 - 12:34OPEK+ ýakynda nebit çykarylyşyny azaltmak hakynda kabul edilen karara bazaryň ýeterlik derejede üns bermändigine alada galmaýar diýip, OPEK-iň baş sekretary Haýsam al-Gaýs Wenada Guramanyň 8-nji Halkara seminarynda belledi diýip, Interfaks habar berýär.
OPEK-iň baş sekretary: gurama täze gatnaşyjylar üçin açyk
08.07.23 - 05:16OPEK giňelmäge şat, hemmeler üçin açyk diýip, guramanyň baş sekretary Haýsam Al-Gaýs žurnalistlere habar berdi. Bu barada Interfaks habar berýär.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
06.07.23 - 04:47Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Geljegiň arassa energetikasyny emele getirmekde Türkmenistanyň mümkinçilikleri Brýusselde hödürlenildi
06.07.23 - 11:52Sişenbe güni Brýusselde geçirilen «Merkezi Aziýa üçin arassa energiýanyň geljegi» atly maslahatda arassa energetikany emele getirmekde Türkmenistanyň baý tejribesi hödürlenildi. Bu tema boýunça Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow çykyş etdi.
Türkmenistan we Beýik Britaniýa ileri tutulýan ugurlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar
06.07.23 - 13:15Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti bilen geçiren gepleşiklerinde ikitaraplaýyn gün tertbiniň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär
05.07.23 - 16:44Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG agza döwletler bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitledi
05.07.23 - 16:45Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.
Wenada OPEC-iň seminarynda energiýa howpsuzlygy, energogeçiş we maliýeleşdirme meseleleri maslahatlaşylar
04.07.23 - 12:15Wenada Hofburg imperator köşgünde 5-6-njy iýulda OPEC-iň «Durnukly we inklýuziw energetiki geçişe tarap ýolda» atly 8-nji halkara seminary geçiriler.
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebit bitumy we polipropilen ýerlenildi
04.07.23 - 12:16Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Arkadag şäherinde Halkara maýa goýum forumy geçirildi
03.07.23 - 07:26Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň ertesi, 30-njy iýunda täze şäheriň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi.
Türkmenistanyň Baştutany «akylly» şäher Arkadagyň birinji tapgyrynyň açylyşyna gatnaşdy
02.07.23 - 14:2429-njy iýunda, penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň paýtagtyndan 30 kilometrlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.
Rejep Ärdogan Türkmenistanyň Baştutanyny Arkadag şäheriniň üstünlikli açylmagy bilen gutlady
02.07.23 - 14:23Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Baştutanyny «akylly» şäher Arkadagyň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen gutlady diýip, TDH habar berýär.