Türkmenistan we Hytaý gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer
06.01.23 - 16:56Türkmenistan bilen Hytaý gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa saparynyň barşynda resminalar bukjasyna gol çekmek meýilleşdirilýär
05.01.23 - 15:28Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa boljak döwlet saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, saparyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
05.01.23 - 15:29Prezident Serdar Berdimuhamedowyň täze, 2023-nji ýylda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara dizel ýangyjy satyldy
04.01.23 - 10:31Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Türkmenbaşyda çagalar üçin täze ýyl ertekisiniň sahnalaşdyrmasy üstünlikli geçirildi
04.01.23 - 15:29Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda «Jadyly hasa ýa-da Garpamygyň başdan geçirenleri» sahnasynyň görkezilişi boldy. Sahna eserini teatr studiýasynyň režisýory Natalýa Kuznesowa goýdy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow: Goý, täze ýyl parahatçylygyň, bagtyýarlygyň, uly üstünlikleriň hem-de rysgal-berekediň ýylyna öwrülsin!
03.01.23 - 12:27Watandaşlarymyzy Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlap, Türkmenistanyň Prezidenti «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen şygar astynda geçen 2022-nji ýylyň möhüm wakalaryny ýatlady.
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ady saýlandy — «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»
30.12.22 - 14:33Türkmenistanda 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçer. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi degişli Karar çykardy we ol anna güni ýurduň merkezi neşirlerinde çap edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi
30.12.22 - 14:35Türkmenistanda 2-nji ýanwar iş güni däl diýlip yglan edildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Russiýa Gazagystana we Özbegistana gaz ibermegi artdyrmagy maslahatlaşýar
29.12.22 - 20:33Russiýa Gazagystan we Özbegistan tarapyndan gazyň sarp edilişiniň artmagy netijesinde bu ýurtlaryň içerki bazarlary üçin ýangyjyň bu görnüşini ibermegini artdyrmak meselesini maslahatlaşýar. Bu barada RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowak TASS-a beren interwýusynda habar berdi.
Birža söwdalarynda 1,7 müň tonna dizel ýangyjy eksporta iberildi
29.12.22 - 20:35Duşenbe güni, 26-njy dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Owganystandan gelen işewür 1,7 müň tonna dizel ýangyjyny satyn aldy. Bu barada TDHÇMB-niň saýty habar berýär.
Nebitgaz taslamalaryna «ýaşyl» energetika garanda köp harçlamak meýilleri üçin BP kompaniýasy tankytlandy
29.12.22 - 20:36BP britan nebitgaz korporasiýasy geljekde ýylda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine garanda, nebitgaz taslamalaryna has köp harçlamagy meýilleşdirýändigi üçin tankyt astyna alyndy. Bu barada The Guardian gazeti habar berýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahatynyň we sergisiniň senesi belli boldy
28.12.22 - 19:04«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahaty we sergisi indiki ýylyň 25-27-nji oktýabrynda geçiriler.
Birža söwdalarynda daşary ýurtly alyjylara dizel ýangyjy we awiakerosin ýerlenildi
28.12.22 - 19:05Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
27.12.22 - 21:24Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Ärdogan: Türkiýäniň Gara deňizdäki tebigy gaz ätiýaçlyklary 710 mlrd kub metre çenli artdy
27.12.22 - 21:26Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan duşenbe güni Gara deňizde Türkiýäniň tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň 710 mlrd kub metre deňdigini habar berdi diýip, Interfaks agentligi Anadolu agentligine salgylanyp habar berdi.