Türkmenistan we Azerbaýjan ýewropa bazarlaryna energiýa serişdeleri ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapynda çykyş edýärler
09.12.22 - 23:13Türkmenistan we Azerbaýjan halkara bazarlaryna, hususan-da, ýewropa bazarlaryna energiýa serişdeleri ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapynda çykyş edýärler.
GaffneyCline kompaniýasy ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýär
08.12.22 - 17:35GaffneyCline britan konsalting kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda işini mundan beýläk-de giňeltmek mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada Trend agentligi kompaniýanyň taslamalar boýunça direktory Drýu Pauelle salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň dowamynda 15 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi
08.12.22 - 17:36Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň 6-7-nji dekabrda Moskwa iki günlük saparynyň netijeleri boýunça on bäş sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
GlobalPetrolPrices: Türkmenistan — benziniň iň arzan ýurtlarynyň onlugynda
08.12.22 - 17:52Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň ilkinji onlugynda galmagyny dowam edýär. GlobalPetrolPrices-yň maglumatlaryna görä, 5-nji dekabra çenli ýagdaýa görä, Türkmenistan oktan mukdary 95 belgili benziniň elýeterliligi boýunça reýtingde ýedinji orny eýeleýär. 1 litr benziniň bahasy ýurtda 0,433 dollar.
Bakuda Türkmenistanyň wise-premýeri ýakynda geçiriljek Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitini maslahatlaşdy
07.12.22 - 16:395-nji dekabrda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Bakuda şu hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn sammitiniň gün tertibini, şele hem üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň duşuşygyny maslahatlaşdylar. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Lebap welaýatynda Üçajy-Zerger bölegindäki gaz geçiriji ulanyşa girizildi
07.12.22 - 16:41Lebap welaýatynda Üçajy-Zerger böleginde uzynlygy 125 kilometr bolan gaz geçiriji ulanyşa girizildi. Onuň gurluşygyny bir ýylyň dowamynda «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň bäşinji gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler diýip, «Türkmenistan:Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
«Türkmengaz» we «Türkmennebit»DK-nyň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynda satyldy
06.12.22 - 18:37Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewürleri bilen söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
06.12.22 - 18:38Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ABŞ-nyň işewürler wekiliýetini kabul etdi.
Türkmen-amerikan işewürler forumynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
06.12.22 - 18:39Duşenbe güni Söwda-senagat edarasynda açylan türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda söwda we maýa goýumlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti 13-14-nji dekabrda «Awazada» geçiriler
05.12.22 - 15:11Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 13-14-nji dekabrda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygy meýilleşdirildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni «Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 13-14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrýan» resminama gol çekdi.
Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak üçin çäreler görülýär
05.12.22 - 15:12Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň DIM-inde Eýranyň wekiliýeti bilen duşuşykda ýangyç-energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
02.12.22 - 19:06Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda elektroenergetika, nebitgaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary, suw we ekologiýa pudagynda özara gatnaşyklar meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Owganystanyň Häkimiýeti TOPH gaz geçirijisi boýunça işleri geçirip başlamagyň zerurlygyny beýan etdi
02.12.22 - 19:07Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny başlamak zerurlygy barada Talibanlaryň hökümetinde dag senagaty we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Şahabuddin Delawar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ýeine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşykda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň energetika ministri bilen energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
01.12.22 - 19:38Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurmak meýilleşdirilýär
30.11.22 - 20:25Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy boýunça gepleşikleri geçirdi.