«Türkmennebit» DK we Hybrid Innovation enjamlary ibermek üçin şertnama baglaşdylar
28.10.22 - 21:03«Türkmennebit» döwlet konserni we Germaniýanyň Hybrid Innovation GmbH kompaniýasy penşenbe güni «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara forumynyň çäklerinde şertnama baglaşdylar. Enjamlary ibermek boýunça şertnamanyň bahasy 6 mln ýewrodan gowrak boldy.
OGT—2022 Halkara maslahaty: maýa goýumlar, tehnologiýalar, ýangyç-energetika toplumy üçin hünärmenler
28.10.22 - 19:31Penşenbe güni «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahaty Söwda-senagat edarasynda öz işini dowam etdi. Döwlet düzümleriniň, milli we halkara kompaniýalarynyň, ylmy merkezleriniň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, halkara guramalarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, bilermenler we hünärmenler nebitgaz senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan plenar mejlislere we sessiýalara işjeň gatnaşýarlar.
OGT-2022-de TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň görkezilişi boldy
28.10.22 - 21:01OGT—2022 Halkara maslahatynyň çäklerinde TAPI Pipeline Compani Limited kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammetnur Amanow Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi.
Daşary ýurtly maýadarlara Türkmenistanda durmuşa geçirilýän «ýaşyl» taslamalara gatnaşmak teklip edildi
28.10.22 - 21:04OGT — 2022 Halkara maslahatynyň çäklerinde daşary ýurtly maýadarlar Türkmenistanda «ýaşyl» taslamalary durmuşa geçirmäge çagyryldy. Bu barada Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow «Täze eýýamyň energetikasy: içerki we sebit ösüşiniň mümkinçilikleri» sessiýasynda eden çykyşynda belledi.
OGT-2022 forumynyň çäklerinde önümi ibermek boýunça täze şertnamalara gol çekildi
27.10.22 - 18:50Şu günlerde Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» Halkara forumynyň çäklerinde penşenbe güni türkmen hem-de halkara hyzmatdaşlary bilen şertnamalara gol çekildi.
Türkmenistandan Hytaýa 340 mlrd kub metrden gowrak gaz eksport edildi — CNPC-niň prezidenti
27.10.22 - 15:17Türkmenistandan Hytaýa 2009-njy ýyldan bäri 340 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmeklige we ykdysady ösüşe netijeli täsir etdi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Sizsýun şu günlerde Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» Halkara nebitgaz maslahatynda eden onlaýn çykyşynda belledi.
Türkmenistan bilen gaz aragatnaşyklaryny ýola goýmak — ÝB-niň strategiki ymtylyşlarynyň merkezinde
27.10.22 - 15:18Türkmenistan bilen gaz aragatnaşyklaryny ýola goýmak — ÝB-niň Merkezi Aziýanyň nebitgaz serişdeleri babatda strategiki ymtylyşlarynyň merkezinde bolmagynda galýar. Bu barada Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani «Türkmenistanyň nebiti we gaz» 27-nji Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara maslahaty öz işine başlady
26.10.22 - 17:42Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.10.22 - 12:56Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmen paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara sergisi açyldy
26.10.22 - 17:41Şu gün irden Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.
OGT-2022-niň gün tertibiniň esasy mowzuklary – netijelilik, innowasiýalar, ekologiýa
25.10.22 - 19:05Halkara maslahaty we sergi (OGT-2022) resmi taýdan 26-njy oktýabrda açylyp, ol 28-nji oktýabr aralykda üç gün dowam eder.
8 aýda Azerbaýjan Türkmenistandan 42 müň tonnadan gowrak benzin import etdi
25.10.22 - 19:002022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan Türkmenistandan AI-92 kysymly benziniň 42 müň 831,33 tonnasyny import etdi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan agentligi Azerbaýjanyň Hökümetine salgylanyp habar berýär.
Hyundai Engineering OGT-2022-niň kümüş hyzmatdaşy
25.10.22 - 19:01Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering kompaniýasy 26-28-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek "Türkmenistanyň nebiti we gazy" Halkara maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
24.10.22 - 18:24Düzüminde döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriň agzalary bolan türkmen wekiliýeti Tbiliside Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani bilen duşuşdy diýip, Orient agentligi gruzin habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.
Türkmenistan we Özbegistan söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýär - Jarnama
22.10.22 - 09:12Türkmenistan we Özbegistan maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, möçberleri artdyrmak we özara söwdany giňeltmek, energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary ederler. Bu barada Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada Jarnamada aýdylýar. Jarnama Şawkat Mirziýoýew bilen Serdar Berdimuhamedowyň arasynda anna güni Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijesi boýunça gol çekilen Jarnamada aýdylýar.