Petronas Hazaryň türkmen böleginde ýene-de bir nebit çykaryjy platformany işe girizdi
13.04.21 - 11:58Geçen şenbe güni PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen böleginde GDDP-A («Garagol Deniz Drilling Platform» – «Garagol Deňiz buraw platformasy») nebit buraw platformasyny işe girizdi. Dabara Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Gyýanly şäherçesindäki Deňiz metal gurluşlary gurnama sehiniň çäginde geçirildi.
Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabatda «Hazar deňzi — Gara deňzi» ulag taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
12.04.21 - 14:56Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabatda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy
12.04.21 - 14:57Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada eýran hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
«Hazar» gazkompressor desgasy «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmaga ýardam edýär
09.04.21 - 15:29Ýyllyk kuwwaty 2 mlrd kub metre çenli bolan «Hazar» gazkompressor desgasynyň hünärmenleri «mawy ýangyjy» işläp taýýarlamak we sarp edijilere ibermek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.
Mary we Lebap welaýatlarynyň gaz geçirijilerine ygtybarly ideg edilýär
09.04.21 - 15:30Häzirki wagtda «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň hünärmenleri Mary we Lebap welaýatynyň çäklerinde umumy uzynlygy 2808 km bolan magistral gaz geçirijilerine, şeýle hem 77 sany gaz paýlaýjy beketlere we 15 sany gaz sazlaýjy desgalara ideg edýärler.
«Gamyşlyjanebit» NGÇM ýylyň başyndan bäri «gara altynyň» 114 müň tonnasyny çykardy
08.04.21 - 14:39«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýarlar.
Plastik turbalarynyň kömegi bilen 142 sany guýy abatlanyldy
08.04.21 - 14:41«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümlerinde plastik turbalaryň kömegi bilen abatlaýyş işleri geçirilen nebitgaz guýularyny işe girizmek boýunça işler ýaýbaňlandyrylýar.
«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
06.04.21 - 15:08«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly syýasy-jemgyýetçilik we ylmy-publisistik žurnalynyň 2021-nji ýyldaky birinji sany çapdan çykdy.
Kuwwatly desga üçin gaz geçiriji
06.04.21 - 15:59«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň gaýratly gurluşykçylary umumy uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçirijiniň gurluşyk işlerine girişdiler. Bu gaz geçiriji Üçajy gaz käninden gözbaş alyp, ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenendir.
«Galkynyş» — bereket çeşmesi
06.04.21 - 16:01«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan baş desgalarynda zähmet çekýän gazçylaryň arasynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şu ýyl giňden toýlanyljak şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna ýokary önümçilik sowgatlary bilen barmak ugrundaky zähmet galkynyşy emele geldi.
Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi
08.04.21 - 14:42Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny ýakynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
05.04.21 - 15:00Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.
Gyrgyzystan Türkmenistandan tebigy gazy almak boýunça gyzyklanma bildirýär
06.04.21 - 15:11Gyrgyzystanyň Energetika ministrligi tebigy gaz almak boýunça Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ministr Kubanyçbek Turdubaýew Žogorku Keneşiň (Parlamentiň) geňeşiniň ýangyç-energetika toplumy we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak boýunça mejlisinde beýan etdi, diýip 24.kg habar berýär.
Moskwada Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
05.04.21 - 15:02Türkmenistanyň wekiliýetiniň penşenbe güni Moskwada Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we RF-niň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin bilen geçiren duşuşyklarynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«LUKOÝL» nebit kompaniýasy Türkmenistandaky wekilini belledi
02.04.21 - 16:50«LUKOÝL Özbegistan Opereýting Kompani» OOO-nyň Baş direktory Stepan Guržiý şol bir wagtda «LUKOÝL» AGPJ-niň prezidentiniň Türkmenistandaky, Azerbaýjandaky, Gazagystandaky we Özbegistandaky wekili edilip bellenildi. BU barada rus kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.