Habarlar RSS
15fdc45b24b368.jpeg
Türkmenistan we ABŞ sebit taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
18.12.20 - 21:44

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň jemleýji bölüminde sebit we halkara derejeli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15fdc41e7e0548.jpeg
AÖB-niň wekilleri Türkmenistan bilen TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
18.12.20 - 21:41

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşykda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15fdb39e050286.jpeg
Seýdiniň NGIZ nebitiň gaýtadan işlenilişini 15% artdyrdy
18.12.20 - 14:40

2020-nji ýylyň başyndan bäri, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) 441,2 müň tonnadan gowrak çig maly gaýtadan işledi, şol bir wagtda önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 114,8%-e deň boldy.


15fdaef36acfc0.jpeg
«Türkmenistan-ABŞ» işewürlik geňeşine gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurlygyny bellediler
18.12.20 - 14:37

Çarşenbe güni onlaýn görnüşinde geçirilen «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümetiniň ABŞ bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ygrarlylygyny beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15fd9a7c8b73fe.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
17.12.20 - 14:52

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


15fd8851f93f49.png
Gazçylaryň hyzmatynda
15.12.20 - 19:42

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň gazçylaryň Şatlyk şäherindäki Medeniýet köşgi şäheriň ýaşaýjylarynyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Bu ýerde zehinli aýdymçy-sazandalaryň bir topary zähmet çekýär. Olar ýurdumyzda giňden toýlanylýan baýramçylyk günlerinde guralýan çäreleri öz aýdym-sazly çykyşlary bilen bezäp, dabara gatnaşýanlara ruhy lezzet berýärler.


15fd99edee64d2.jpeg
«Bagaja» käninde gazy gaýtadan işlemegiň möçberleri artýar
17.12.20 - 14:51

Lebabyň suwuklandyrylan gaz önümçiligi boýunça «Gazygaýtadanişleýiş» önümçilik müdirliginiň işgärleri «Bagaja» känindäki desgalarda tebigy gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemegiň mümkinçiliklerini ynamly artdyrýarlar.


15fd85071b0f05.png
Bagajada baýlyk önýär
15.12.20 - 15:58

«Gazygaýtadanişleýiş» müdirliginiň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik edara şahamçasynyň Bagaja gaz känindäki desgalar toplumynyň başarjaň işgärleri hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar. Olar türkmen topragynyň jümmüşinden gazylyp alynýan tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda geçginli önümleri öndürmekde öwgä mynasyp işleri bitirýärler.


15fd883e640a6e.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow: energetika we ulag ulgamlarynda ÝB hem-de ABŞ bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek zerur
17.12.20 - 15:27

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly berdimuhamedow Ýewropa Bileleşigi we ABŞ bilen energetika, ulag, işewürlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi tabşyrdy.


15fd84fcb8741f.jpeg
Eni-niň türkmen nebitini satyn almak boýunça bäsleşiginde SOCAR Trading ýeňiji boldy
17.12.20 - 14:54

“SOCAR Trading” Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň golçur kärhanasy “Eni Turkmenistan” tarapyndan öndürilen türkmen nebitini satyn almak boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy. Bu barada Argus Media habar berýär.


15fd84f705fe89.jpeg
Prezident: pandemiýa zyýan çeken halkara ykdysady we söwda gatnaşyklaryny dikeltmek boýunça zerur işleri geçirmeli
17.12.20 - 14:55

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde pandemiýadan zyýan çeken halkara ykdysady we söwda gatnaşyklaryny, ulag gatnawlaryny dikeltmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.


15fd77c78efec7.jpeg
Nebitgazçylaryň we geologlaryň hünär baýramy giňden bellenildi
15.12.20 - 00:54

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 14-nji dekabrynyň ir ertiri ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasy baýramçylyk dabarasyna beslendi. Geçen hepdäniň ahyrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesini giň gerimde bütin agzybir halkymyz bilen toýlan zähmetsöýer nebitgazçylar düýn Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi — öz hünär baýramyny baý mazmunly dabaralar bilen bellediler.


15fd6fd16d4c06.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine
15.12.20 - 19:48

Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar! Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň baky Bitaraplyk baýramynyň şanly 25 ýyllygynyň uly dabaralary bilen utgaşyp gelen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!


15fd6fc99f1f2a.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
15.12.20 - 19:49

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 126-sy hasaba alyndy.


15fd70a344973d.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahata gatnaşdy
15.12.20 - 19:49

Aşgabatda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahatyň dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.