Habarlar RSS
16006a704b8110.png
Has çuň gatlaklara aralaşylýar
19.01.21 - 19:31

«Türkmennebit» döwlet konserni ýurduň ykdysadyýetinde iri önümçilik-hojalyk toplumy bolup, ol nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirmek we olary özleşdirmek işlerini alyp barmak bilen, pudagyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini üpjün edýär.


160080cb61f78c.jpeg
Türkmen we german lukmanlary buýanyň koronawirusyň öňüni almakdaky ähmiýetini maslahatlaşýarlar
20.01.21 - 21:01

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Essen uniwersitet klinikasynyň (Germaniýa) Infeksiologiýa Ylmy-barlag merkeziniň müdiri professor, doktor A.Krawçik bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýty habar berýär.


16006a696575cf.png
Arkadagymyz Malaýda gaz gysyjy desgany işe girizdi
19.01.21 - 19:29

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 15-nji ýanwarynda nebitgaz toplumynyň möhüm desgasynyň — «Malaý» gaz känindäki gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şu taryhy wakadan bir gün ozal hormatly Prezidentimiziň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmaklarynda birbada üç desga — Akina — Andhoý demir ýoly, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamy hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.


16007c566a7012.jpeg
Kubandaky zawod türkmen polipropileninden önümleri öndürýär
22.01.21 - 02:20

Ýakynda Krasnodar ülkesiniň (RF) Ust-Labinsk şäherinde polipropilenden önümleri öndürýän täze zawod işe girizildi. Kärhananyň çig maly hökmünde Türkmenistandan getirilýän polimer şarjagazlary çykyş edýär.


16006a11f4c63d.jpeg
«Gazprom» 2020-nji ýylda Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberlerini artdyrdy
20.01.21 - 14:49

2020-nji ýylyň 9 aýynda «Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberlerini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 mlrd kub metre çenli artdyrdy. Muňa konserniň ýewrobondlarynyň ähtnamasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip Interfaks habar berýär.


16006966e6b1b2.jpeg
Türkmenistan — iň arzan benzini bolan ýurtlaryň onlugynda
20.01.21 - 14:51

2020-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan dünýäde iň arzan benzini bolan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi, diýip GlobalPetrolPrices.com saýty habar berýär.


1600529412e823.jpeg
CNPC Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýar
19.01.21 - 14:46

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) mundan beýläk-de tehnologik alyşmalary pugtalandyrmaga hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr diýip, “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Li Şulýan geçen anna güni «Malaý» käninde gurlan gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasynda belledi.


1600199a2e9a28.jpeg
“Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desga ulanyşa girizildi
19.01.21 - 03:01

15-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy boldy.


160052640b6f37.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
19.01.21 - 14:44

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 158-si baglaşyldy.


1600142574dcf4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklady
19.01.21 - 03:07

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel ýangyjy we awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy.


16001200b9ab8b.jpeg
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri bilelikdäki infrastruktura desgalarynyň birnäçesini ulanyşa girizmek dabarasyna gatnaşdylar
19.01.21 - 03:08

14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr akymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Kerki şäherinden Owganystanyň Şibergan şäherine çenli elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi mynasybetli dabaralary geçirildi.


15ffd728517ea0.png
Nebit çykarylyşynda döwürleýin gazlift usuly
12.01.21 - 19:57

«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit çykaryjy kärhanalarynda mehanizmleşen usullaryň biri bolan gazlift usulynyň tehnologik ulanyş aýratynlyklaryna baglylykda we wagtyň geçmegi bilen guýularyň önüminiň azalmagy tebigy ýagdaýdyr. Nebitli ýataklaryň işlenmeginiň soňky tapgyrynda guýularyň gatlaklarynyň basyşynyň peselmegi, olaryň kuwwatynyň gaçmagy netijesinde göteriji turbalarda suwuklygyň (nebitiň) dinamiki derejeleriniň aşak gaçmagy we beýleki geologik-tehniki faktorlaryň täsir etmegi munuň aýdyň mysalydyr.


160001950e1157.jpeg
Türkmen-hindi syýasy geňeşmeleriniň barşynda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde işjeňlik bellenilip geçildi
19.01.21 - 03:06

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň orunbasarlarynyň derejesinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy ileri tutulýan bilelikdäki taslamalaryň hatarynda agzalyp geçildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, hindi wekiliýetine – Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wikas Swarup ýolbaşçylyk etdiler.


15ffd71fb40517.png
Işleriň netijeliligi ýokarlanýar
12.01.21 - 19:55

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemläp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna ynamly gadam basdylar. Zawodyň başlygy Annatagan AMANOW bitirilen işler, 2021-nji ýylda öňde duran belent wezipeler barada gazetimiziň Balkan welaýaty boýunça habarçysyna şeýle gürrüň berdi:


1600018ee4ac34.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi Brent nebitiniň bahasynyň 2021-2022-nji ýyllar üçin barreline $53 boljakdygyny çaklaýar
19.01.21 - 03:05

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2021-nji ýyl üçin Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreline 49 dollardan 53 dollara çenli ýokarlandyrdy diýip, ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň Energetika maglumatlary edarasynyň (EIA) aýlyk hasabatyna salgylanyp, INTERFAKS habar berýär.