Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda
15.12.21 - 15:29Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Nebitgazçylaryň we geologlaryň hünär baýramçylygy dabaraly pursatlara beslendi
14.12.21 - 22:32Nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany’’ ýylynda nebitgaz senagatynda we geologiýa pudagynda ýetilen sepgitler’’ atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy. Ilki bilen wise-premýer Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady.
Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleri nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselesini maslahatlaşdylar
15.12.21 - 12:38Nebitgaz, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde mälim boldy.
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçildi
15.12.21 - 10:26Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady
15.12.21 - 12:3614-nji dekabrda Türkmenistanda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni bellenilip geçildi. Şu mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz senagaty işgärlerine gutlag hatyny iberdi.
Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli açylan ikinji wirtual sergä gatnaşýar
10.12.21 - 19:52Penşenbe güni Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan wirtual sergi açyldy. Bu dabaraly çäreler Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Fitch ýakyn ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
09.12.21 - 16:23Fitch Ratings halkara reýting agentligi ýakyn wagt üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy. Muňa Global Economic Outlook-yň (GEO) dekabrdaky hasabaty şaýatlyk edýär diýip, Interfaks habar berýär.
Nebit gymmatlaýar, «Brent» 76,42 dollara ýetdi
09.12.21 - 16:24COVID-19-yň «omikron» ştammynyň ýaýramagynyň, ilkibaşda garaşylyşy ýaly, dünýä ykdysadyýetine o diýen agyr zyýan ýetirmejekdigi baradaky maglumatlardan soň, nebitiň bahalary penşenbe güni ýene-de ýokarlanyp başlady diýip, Interfaks habar berýär.
«Agarguýy» täze gaz ýatagy ulanyşa girizildi
08.12.21 - 17:39«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň ulanyşyndaky gaz ýataklarynyň sanawy «Agarguýy» ýatagy bilen ýetirildi. Ýakynda bu ýerde iki sany guýy burawlanylyp, olardan gymmatly uglewodorod akymy alyndy.
Täze tehnologiýalar AÝGB-laryň işini ýeňilleşdirýär
08.12.21 - 17:41«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň işgärleri şu ýylyň 11 aýynda ýokary iş netijeliligini görkezdiler. Düýpli abatlaýyş işlerinden soň, Gubadag-Daşoguz awtomobil ýolunyň gündogar böleginde ýerleşen №170 awtomobillere ýangyç guýujy beket ulanyşa girizildi.
Uçar we yşyklandyryjy kerosin — birža söwdalarynyň öň hatarynda
07.12.21 - 10:46Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
On bir aýyň jemlerine garaldy
06.12.21 - 18:15Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti: nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmeli
06.12.21 - 18:17Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Hasabat döwründe nebitgaz toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça wise-premýer Şahym Abdrahmanow hasabat berdi.
Türkmenistanda ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnama kabul edildi
07.12.21 - 10:36Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnamany, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklandy. Bu resminama ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde çap edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramyna we Hindistan — Merkezi Aziýa sammitine çagyryldy
05.12.21 - 14:06Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllygynyň baýramyna we Hindistan — Merkezi Aziýa ýokary derejeli sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Hindistanyň Premýer-ministriiniň türkmen Liderine iberen hatynda bellenilip geçilýär.