Nebitiň bahalary ibermeler bilen bagly howatyrlanmalaryň çäginde ýedi ýyllyk rekordlaryny täzeleýär
22.01.22 - 09:19Ýakyn Gündogardan nebit ibermeleriniň bökdençlik howpy zerarly çarşenbe güni nebitiň bahalary 2014-nji ýyldan bäri maksimum rekordlaryny täzeläp, ýokarlanmagyny dowam edýär diýip, Interfaks habar berýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi 11-nji fewralda geçiriler
19.01.22 - 16:11Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini 11-nji fewralda geçirmek meýilleşdirildi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-leriniň syýasy geňeşmelerinde energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
18.01.22 - 15:43Duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmelerde ulag-logistika, energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda bahasy 104,2 mln dollardan gowrak bolan geleşikler baglaşyldy
18.01.22 - 15:45Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Daşkentde türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
22.01.22 - 09:54Daşkende iş sapary bilen baran Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
«Lebapgazçykaryş»: 2021-nji ýylda 12,4 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy
18.01.22 - 09:26Geçen 2021-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri ýokary öndürijilik netijelerini gazandylar. Kärhana boýunça tebigy gazyň çykarylyşyny 12,4 mlrd kub metre barabar boldy, meýilnama 134% ýerine ýetirildi.
Owganystanyň Hökümet wekiliýeti Türkmenistanyň DIM-inde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maslahatlaşdy
18.01.22 - 09:28Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi Türkmenistana sapar bilen gelen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýet bilen ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Türkmennebit» we «Tatneft» «Goturdepe» ýatagynda hyzmatdaşlyk hakynda goşmaça ylalaşyk baglaşylar
18.01.22 - 09:30“Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama boýunça Goşmaça ylalaşygy baglaşar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
15.01.22 - 10:3013-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.
Türkmenistanda nebitgaz ulgamynda ägirt uly önümçilik mümkinçilikleri bar
16.01.22 - 16:58Türkmenistanda ägirt uly çig mal we senagat mümkinçilikleri, şeýle hem ýurdy strategiki taýdan möhüm bolan nebit we gaz önümlerini öndüriji we eksport ediji ýurda öwürmek üçin tebigy we tehnologiki mümkinçilikleri bar. Bu barada ylmy makalasynda CentralAsia.news elektron neşiriniň ylmy synçysy, belli türkmen alymy, tehniki ylymlarynyň doktory we bilermen Allaberdi Ylýasow belledi.
Täze goşgy nebitgazçylary zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar
12.01.22 - 20:28Ýakynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Ýakyn wagtda TOPH boýunça ylalaşyklara gol çekiler — Owganystanyň HBS-i
13.01.22 - 11:52Ýakyn wagtda owgan tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlary bilen galan ýedi ylalaşyga gol çeker diýip, TOLOnews owgan telekompaniýasy Owganystanyň DIM-niň beýanatyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar — DIM
12.01.22 - 09:25Türkmenistan Gazagystana tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edip başlamaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 11-nji ýanwarda Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn duşuşygynda eden çykyşynda belledi. Duşuşykda Gazagystandaky ýagdaýlar maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işlemegiň önümleri TDHÇMB-niň söwdalarynyň öň hatarynda
11.01.22 - 19:59Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň47-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň häkimiýetleri bilen nebitgaz toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini maslahatlaşdy
11.01.22 - 20:05Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.