WTL Türkmenistanda ekologiýa gurşawyny goramak nukdaýnazaryndan iş alyp barýar
26.08.20 - 03:51Türkmenistanda daşky gurşawy guramak işi nebiti çykarmak we ony ugratmak, gaýtadan işlemek we peýdalanmak bilen bagly senagatyň birnäçe pudaklarynda üpjün edilýär. Westport Trading Europe Limited kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory Allaberdi Ylýasowyň «Golos SNG» onlaýn radiosyna beren gürrüňine laýyklykda, amerikan kompaniýasy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemekde üstünlikli ulanylýan täze nesliň enjamlarynyň nusgasy döredildi. Kompaniýanyň hünärmenleri ekologiýa gurşawyny gorap saklamak nukdaýnazaryndan birnäçe taslamalary işläp düzýärler.
OPEC+ karary nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip biler — Muhammed Arkab
10.07.20 - 19:506-njy iýunda OPEC+ ministrleriniň kabul eden karary nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip biler, diýip duşenbe güni OPEC maslahatynyň prezidenti, Alžiriň energetika ministri Muhammed Arkab belledi, diýip TASS habar berýär.
Bäş aýyň jemine garaldy
10.07.20 - 19:478-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda 2020-nji — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi we hormatly Prezidentimiziň 5-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde toplumyň öňünde bellän wezipelerini durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-maý aýlary boýunça jemleri jemlenildi
10.07.20 - 19:44Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, şol sanda nebitgaz toplumynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy.
HNGU-nyň selektiw pakerleri nebit guýularynyň öndürijiligini artdyrmaga ýardam eder
10.07.20 - 19:41«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan işlenilýän nebit guýularynyň aglabasy ownuk plastlardan ybaratdyr. Bu bolsa olary özleşdirmekde belli bir kynçylyklary döredýär. Öndürijilikli plastlaryň suwlulygynyň ýokary bolmagy, şeýle hem beýleki şertler nebit guýularynyň öndürijiliginiň peselmegine getirýär. Çykarmasy kyn çig mallary işläp taýýarlamak, guýulary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak nebit çykarylyşyny artdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaklygy talap edýär.
«ENI» italýan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
10.07.20 - 19:39Penşenbe güni Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary nazary bilimlerini tejribede berkidýärler
10.07.20 - 19:35Iň täze ylmy işläp taýýarlamalar bilen baglanyşykly önümçilik wezipelerini üstünlikli çözmäge ukyply ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak işi diňe bilim bermekligi ylmy-barlag işi bilen utgaşykly alyp barmak arkaly mümkindir. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň barlaghanalarynda mugallymlar we talyplar tarapyndan yzygiderli geçirilýär.
«Mawy ýangyç» Daşoguzyň uzakdaky obalaryna ýetirilýär
10.07.20 - 15:49«Türkmengazüpjünçilik» müdirliginiň «S.Türkmenbaşyetrapgaz» hojalyk edarasynyň gazçylary diňe bir şäherleriň we şäher görnüşli şäherçeleriň däl, eýsem, ilkinji nobatda Daşoguz welaýatynyň günbataryndaky uzakda ýerleşen obalary hem «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek boýunça işleriň depginini ýokarlandyrýarlar. Häzirki wagtda tebigy gaz turba geçirijiler arkaly 21 müň 560-dan gowrak öý hojalyklaryna we edaralara berilýär.
Türkmenistan Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň mejlisine gatnaşdy
26.08.20 - 08:59Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Energetika Hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Prezident Türkmenistan — Owganystan – Pakistan energiýa geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmekligi çaltlandyrmagy tabşyrdy
10.07.20 - 15:31Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de energetika ministri Ç.Purçekowyň gatnaşmagynda duşenbe günni geçiren iş maslahatynda elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy.
OPEС+ boýunça oňaýly yşaratlara garaşmanyň netijesinde nebitiň bahalary ýokarlanýar
10.07.20 - 15:28Nebiti öndüriji döwletleriň Russiýa we Saud Arabystany bilen bilelikde nebitiň çykarylyşyny çäklendirmekligiň häzirki derejesini 1-nji sentýabra çenli uzaldyp bilmek mümkinçiligi baradaky habarlaryň çäginde nebitiň bahalary ýokarlanýar, diýip Interfaks belleýär.
TOPH gaz gecirijisiniň türkmen bölegi Owganystanyň serhedine ýetirildi
26.08.20 - 03:21Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.