Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian Türkmenistana resmi sapar bilen geldi
17.06.21 - 22:00Iş sapary bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian 16-njy iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň Başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Lebapgazçykaryş»: bäş aýda 5,1 mlrd kub metr gaz çykaryldy
17.06.21 - 21:59«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň bäş aýynda ýokary zähmet görkezijilerini gazandylar. 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda tebigy gazyň önümçiligi 5,1 mlrd kub metre barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 140%-e deň boldy.
Zergär nebit önümleri kärhanasynda düýpli abatlaýyş işleri tamamlanýar
17.06.21 - 22:02Türkmenabadyň nebit önümleri kärhanasynyň Zergärde ýerleşen iri şahamçalarynyň birinde düýpli abatlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Abatlaýyş işlerini «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Lebap welaýatynda gurluşyk we abatlaýyş boýunça hojalyk hasaplaşygyndaky müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirýärler.
TNGIZT-de bäş aýda benzin we suwuklandyrylan gaz çykarmak boýunça meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi
16.06.21 - 09:23Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýylyň bäş aýynda içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligi düýpli ýokarlandy.
TNGIZT-e bäş aýda 1,8 mln tonna «gara altyn» iberildi
16.06.21 - 09:24Magistral nebitgeçirijileriniň müdirliginiň hünärmenleri Balkan welaýatynyň çäginde çykarylýan «gara altyny» TNGIZT-e ýetirmekde ýokary netijeleri gazandylar.
TNGIZT Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn alar
15.06.21 - 09:41Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 2021-nji ýylyň dowamynda Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda işleýän daşary ýurt kompaniýalaryndan 500 müň tonna çenli çig nebiti satyn almagy göz öňünde tutýar. Degişli resminama anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Türkmenistan HHR tarapyndan gaz taslamalaryny durmuşa geçirmäge bölünip berlen karzlaryny doly gaýtardy
15.06.21 - 09:42Türkmenistan gaz taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin Hytaýdan çekilen karz serişdelerini dolulygyna gaýtaryp berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.
Halypanyň ýubileý toýy toýlanyldy
15.06.21 - 19:50Türkmeniň aýdym-saz sungaty düýpsüz umman. Bu ýola ykbalyny baglap, oňa hyzmat eden, halkyň söýgüsini gazanyp, ykrar edilen halypalar sanardan köp. Olaryň käbiri bolsa il içinde has-da meşhurdyr. Görnükli estrada aýdymçylarynyň biri-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň parlak ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa. Aslynda ol düýnüň hem, şu günüň-de saýlama ussatlarynyň ilkinjileriniň hataryndadyr.
Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna 99,91 mln dollar maýa goýar
14.06.21 - 09:01Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň wekilleri Türkmenistanyň Hökümeti bilen 99,91 million dollarlyk iki sany maýa goýum Ähtnamalaryna gol çekişdiler. Bu barada BAE-niň habar beriş serişdeleri habar berilýär.
Daşoguz welaýatynyň gaz üpjünçilik torlaryna ýokary derejede ideg edilýär
14.06.21 - 09:03«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz hojalyk edarasynyň işgärleri welaýatyň gaz üpjünçilik we gaz paýlaýjy torlaryna ýokary derejede ideg edýärler. Kärhanada ýöriteleşdirilen işleriň ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýän önümçilik binýady döredildi. Onuň hünärmenleri dürli basyşly 1210 km gaz torlaryna, şeýle hem 513 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy enjamlara ideg edýärler.
Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de hyzmatdaşlygyň ileru tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar
14.06.21 - 09:05Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Birleşen Arap Emirliklerine sapar amala aşyrdy.
Mary-Türkmenabat ýolunyň ugrunda AÝGB abatlanylyp işe girizildi
09.06.21 - 19:07TNGIZT-niň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhnasynyň hünärmenleri Mary-Türkmenabat şäherara ýolunyň ugrunda ýerleşen №191 belgili AÝGB-ni abatlap, işe girizdiler.
«Türkmennebit» DK-nyň nebit guýularyny ulanyşa bermek boýunça işleriň depgini ýokarlanýar
10.06.21 - 10:41«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümleri plastik turbalaryň kömegi bilen abatlanylan nebitgaz guýularyny ulanyşa bermek boýunça işleri ýokary depginde alyp barýarlar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
08.06.21 - 19:23Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Prezident: Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar
09.06.21 - 09:282021-nji ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belledi.