
2020-nji ýylda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 5,8% artmagyna garaşylýar
22.09.20 - 18:202020-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önüm 5,8 göterim artar, diýip Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Şanly senä sowgatly barýarlar
22.09.20 - 16:12Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň ruhubelent işgärleri ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününi we hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyny saldamly zähmet sowgatlary bilen garşylamagy baş wezipeleri hasaplaýarlar. Önümçilik bölümlerinde şeýle belent maksada abraý bilen ýetmek ugrunda hakyky zähmet gaýnap joşýar. Şonuň netijesinde içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmekde gowy netijeler gazanylýar.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
22.09.20 - 18:22Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 112-si hasaba alyndy.

TNGIZT sebitiň iri senagat önümçiligidir
22.09.20 - 16:10Merkezi Aziýanyň hem-de Hazar sebitiniň örän iri senagat kärhanalarynyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümçilik mümkinçiligi ýokary derejede peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup işe girizilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa nebit önümlerini öndürýän desgalaryň onlarçasy gije-gündiz işleýär. Şol desgalaryň biri-de zawodlar toplumynyň 1-nji sehidir.

Amyderýanyň sag kenarynda üç sany käni özleşdirmek işleri başlandy
23.09.20 - 15:52Hytaý milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň gündogar böleginiň gaz känlerini ulanyşa girizmek taslamasynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmäge başlady. Onuň çäklerinde Amyderýanyň sag kenarynda üç sany käniň — Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat känleriniň önümçilik infrastrukturalaryny gurmak işleri başlandy.

Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçylary ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygyny nygtadylar
19.09.20 - 03:24Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly penşenbe güni geçirilen geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Aşgabatda türkmen gazyny Gazagystanyň içerki bazarlaryna ibermegiň mümkinçiliklerine garaldy — Premýer-ministr
19.09.20 - 03:21Türkmenistan we Gazagystan türkmen gazyny Gazagystanyň içerki bazarlaryna ibermek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistana iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin aýtdy.

«Üçajy» käninde türkmen ýangyjynyň bökdençsiz çykarylmagy we eksporty üpjün edilýär
18.09.20 - 14:43«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri «Üçajy» käninde harytlyk «mawy ýangyjyň» dünýä ülňülerine laýyklykda çykarylmagy we eksport edilmegi boýunça işleri dowam etdirýärler.

Gurbanguly Berdimuhamedow Suga Ýosihideni Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady
18.09.20 - 14:44Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Suga Ýosihide Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Nebitgaz pudagyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti
15.09.20 - 14:56Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, durmuşymyzyň häzirki zaman talaplaryna laýyk kämilleşmeginde nebitgaz pudagyna uly orun degişlidir.

Daşoguz welaýatynyň gazçylary turbageçirijileri we enjamlary gyş möwsümine taýýarlaýarlar
17.09.20 - 21:40«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasyny gyş möwsümine taýýarlamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Gazçylaryň ýokary hilli hyzmat ediş çäginde dürli basyşly gaz geçirijileriň 1350 km-den gowragy, 370-den gowrak gazpaýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalar bar.

Ösüşlere depgin berýän işler
15.09.20 - 14:54Türkmen topragynyň gymmatly baýlygy bolan tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberini artdyrmak işinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň hem-de janypkeş işgärleri tutanýerlilik we maksada okgunlylyk görkezýärler. Olar ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrundaky ählihalk hereketine bir adam ýaly bolup gatnaşyp, üstümizdäki ýylyň şanly senelerini — ýurt Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýärler.

PETRONAS kompaniýasy «Türkmengaz» DK-nyň ýardam bermeginde Malaýziýadan Türkmenistana çarter uçuşyny gurady
19.09.20 - 03:26Türkmenabadyň Halkara howa menziline «Malaýziýa howa ýollarynyň» uçary gondy. Ol Malaýziýanyň raýatlary bolan Petronas kompaniýasynyň hünärmenlerini, şeýle hem koronawirus pandemiýasy zerarly gatnawlaryň ýatyrylmagy netijesinde bu ýurtda galan türkmen raýatlaryny getirdi.

Gaz geçirijiniň durky täzelenýär
15.09.20 - 14:52«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary ýene-de bir möhüm buýurmany — Döwletabat — Derýalyk ýokary basyşly gaz geçirijisiniň bir şahasynyň 60 kilometre barabar böleginiň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirýärler. Şu döwre çenli turbalary kebşirlemek bilen baglanyşykly işleriň 60 göterimden gowragy berjaý edildi. Gurluşykçylar bu işler bilen birlikde turbalaryň daşyny arassalamak we ýörite örtük bilen örtmek işlerini hem ýerine ýetirýärler.

Demirgazyk Goturdepe käninde 317-nji guýuda nebitiň senagat akymy alyndy
18.09.20 - 13:29Demirgazyk Goturdepe we onuň töweregindäki çäkleri senagat taýdan özleşdirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» Buraw işleri müdirliginiň zähmet toparlary taslama çuňlugy 5000 metr bolan täze №317 guýuda işleri üstünlik alyp barýarlar.