«Malaý» känindäki nobatdaky guýudan gazyň senagat akymy alyndy
28.07.21 - 11:43«Malaý» käninde buraw işleriniň netijesinde tebigy gazyň gündelik debiti 400 müň kub metre barabar bolan senagat akymy alyndy. Buraw işleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi.
TNGIZT-de ýarym ýylda 26 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz öndürildi
30.07.21 - 17:32Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýurdumyzyň iň iri senagat kärhanalarynyň biri bolup, ol içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleriň aýry-aýry görnüşleriniň önümçiligini barha artdyrýar.
Serdar Berdimuhamedow Tokioda Ýaponiýanyň Hökümet agzalary bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
27.07.21 - 10:48XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň wise-premýeri Serdar Berdimuhamedow Tokioda Ýaponiýanyň Hökümet ýolbaşçylary we işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara gatnaşygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy.
HHR-niň kompaniýasy «Galkynyş» känindäki üç sany guýynyň gurluşygyny tamamlar
25.07.21 - 13:03“Türkmengaz” döwlet konserni «Galkynyş» käninde gurluşyk işlerine başlanyp, doly tamamlanmadyk 3 sany gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary önümçilige girizmek barada Hytaý Halk Respublikasynyň “СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Petro Gas LLP BRITAN kompaniýasy TNGIZT-däki 3-nji gämi duralgasyny gurar
25.07.21 - 13:05Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän degişli resminama Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Gurban baýramy bilen gutlady
20.07.21 - 18:24Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Gurban baýramy mynasybetli gutlady.
6-njy awgustda «Awazada» Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler
20.07.21 - 18:23Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Ýokary derejedäki sammitiň dowamynda sebit möçberli birnäçe iri çäreler geçiriler.
Russiýa TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär – RF-niň DIM-niň ýolbaşçysy
20.07.21 - 18:26Russiýa Türkmenistan – Owganystan – Pkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow geçen anna güni Daşkentde geçirilen «Merkezi we Günorta Aziýa: sebitleýin özarabaglanyşyk. Howplar we mümkinçilikler» atly ýokary derejeli halkara maslahatda belledi.
TNGIZT-de öndürilen dizel ýangyjy we awiakerosin birža söwdalarynyň özenini düzdi
20.07.21 - 18:28Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Daşkentde «C5+1» formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen ABŞ-nyň arasynda hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy
19.07.21 - 12:1615-nji iýulda Daşkentde «C5+1» formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiň Içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendalyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň prezidentiniň geňeşçisi Owganystandaky ýagdaýy maslahatlaşdylar
19.07.21 - 12:17Sebit howpsuzlyk meseleleri we Owganystandaky ýagdaý penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlygyň meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal hem-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Türkmengaz» poliwinilasetatyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär
19.07.21 - 12:15«Türkmengaz» döwlet konserni Daşoguz welaýatynda poliwinilasetatyň önümçiligi boýunça gazhimiýa zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu kärhany «açary gowşurmak» şerti bilen taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça bäsleşik Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazetiniň elektron saýtynda neşir edildi.
TNGIZT-de awtomobil ýangyjynyň önümçiligi artýar
14.07.21 - 15:52Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işgärleri şu ýylyň alty aýynda awtomobil ýangyjyny öndürmek boýunça önümçilik meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň DIM-niň ýolbaşçysy nebitgaz hem-de beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
14.07.21 - 15:53Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana iki günlük resmi sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi.