Habarlar RSS
1608b906bd5f70.jpeg
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmek barada belläp geçdiler
30.04.21 - 15:32

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen penşenbe güni geçiren duşuşygynda ähli ugurlar boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1608a811f36323.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoduşuşygynda täze taslamalary maslahatlaşdy
30.04.21 - 15:29

Çarşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde “ARETI” (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, “Legacy” maliýe kompaniýasynyň baş direktory, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.


1608906fee3e05.jpeg
«ARETI» Aşgabatdaky Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkäri boldy
28.04.21 - 15:24

Türkmenistanyň öňden gelýän daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň biri bolan «ARETI» halkara kompaniýalar topary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň bürünç hemaýatkäri boldy.


160890ab999005.jpeg
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny maslahatlaşdy
28.04.21 - 15:26

27-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16087a5d1421f7.jpeg
Hünärli ýaşlar taýýarlanylýar
27.04.21 - 10:49

Biz işimiziň aýratynlygyna laýyklykda, önümçilik kärhanalarynda ýygy-ýygydan bolýarys. Şonda bizi garşylaýanlaryň arasynda öňki ýyllarda hünär okuw mekdebimizi üstünlikli tamamlan hünärmenlere gabat gelýäris.


16087a61019eff.jpeg
«Mawy ýangyjyň» çykarylyşy artýar
27.04.21 - 10:50

«Türkmengaz» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmak boýunça önümçilik maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirýär. Şu ýylyň üç aýynda ýeriň astyndan tebigy we ugurdaş gazyň 22 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 2,5 milliard kubmetr köp bolup, ösüş depgini 113 göterime deň boldy. «Mawy ýangyjyň» eksporty 16,4 göterim artyp, 10,5 milliard kubmetrden gowrak boldy.


16087a8109be38.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin telefon arkaly döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy
28.04.21 - 15:25

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen wekiliýetini 29-30-njy aprelde Kazan şäherinde geçiriljek Ýewraziýanyň hökümetara geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1608657fab6dfd.jpeg
CNPC Türkmenistanyň Halkara nebitgaz forumynyň altyn hemaýatkäri boldy
27.04.21 - 10:52

12-13-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň altyn hemaýatkäri hökmünde CNPC hytaý kompaniýasy çykyş eder.


160864d95ca693.png
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
27.04.21 - 10:54

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 160-sy hasaba alyndy.


1608272dee6f4e.jpeg
OPEC+ 28-nji aprelde nebit çykarylyşyny dikeltmek hakynda çözgüt kabul edip biler
23.04.21 - 16:05

OPEC+ ýurtlary 28-nji aprelde geçiriljek nobatdaky duşuşygynda 2021-nji ýylyň maý-iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrmak boýunça öňki tassyklanan meýilnamasyny ykrar edip biler diýip, RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowak habar berdi.


16082a9ce21501.png
Russiýanyň alymlary gaz çykarylyşynyň galyndylaryndan benzin işläp taýýarladylar
27.04.21 - 10:55

Tomsk politehniki uniwersitetiniň (RF) hünärmenleri gaz çykarylyşynyň galyndylaryndan benzin öndürmegiň tehnologiýasy işläp düzdüler. Bu usul magdançylyk kärhanalaryna öz zerurlyklary üçin ýangyç öndürmäge, şeýle hem territoriýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.



160816948cbc70.jpeg
Dragon Oil — Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkäri
23.04.21 - 15:15

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumynyň açylyş dabarasyna ýigrimi gün galdy. Aşgabatda 12-13-nji maýda geçiriljek bu işewür duşuşyk öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylaryny, şeýle hem diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde nebitgaz toplumynyň geljegini çaklaýan bilermenleri birleşdirer.


1607fd2efa6b53.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» forumy geçiriler
21.04.21 - 12:23

Şu ýylyň 12—13-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» (OGT 2021) Halkara maýa goýum forumy geçiriler.


160800305a01a3.jpeg
TNGIZT ýewro ülňüleri boýunça awiasion ýangyjyň önümçiligini ýola goýmaga taýýarlanýar
22.04.21 - 10:30

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Jet A-1 kysymly awiasion ýangyjynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Munuň özi zawodynda öndürilýän ТС-1 awiaýangyjyň ýewropa nusgasydyr.