OPEC+ 28-nji aprelde nebit çykarylyşyny dikeltmek hakynda çözgüt kabul edip biler
23.04.21 - 16:05OPEC+ ýurtlary 28-nji aprelde geçiriljek nobatdaky duşuşygynda 2021-nji ýylyň maý-iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrmak boýunça öňki tassyklanan meýilnamasyny ykrar edip biler diýip, RF-niň wise-premýeri Aleksandr Nowak habar berdi.
Russiýanyň alymlary gaz çykarylyşynyň galyndylaryndan benzin işläp taýýarladylar
27.04.21 - 10:55Tomsk politehniki uniwersitetiniň (RF) hünärmenleri gaz çykarylyşynyň galyndylaryndan benzin öndürmegiň tehnologiýasy işläp düzdüler. Bu usul magdançylyk kärhanalaryna öz zerurlyklary üçin ýangyç öndürmäge, şeýle hem territoriýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Dragon Oil — Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hemaýatkäri
23.04.21 - 15:15Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça Halkara forumynyň açylyş dabarasyna ýigrimi gün galdy. Aşgabatda 12-13-nji maýda geçiriljek bu işewür duşuşyk öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara maliýe institutlarynyň ýolbaşçylaryny, şeýle hem diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde nebitgaz toplumynyň geljegini çaklaýan bilermenleri birleşdirer.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» forumy geçiriler
21.04.21 - 12:23Şu ýylyň 12—13-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» (OGT 2021) Halkara maýa goýum forumy geçiriler.
TNGIZT ýewro ülňüleri boýunça awiasion ýangyjyň önümçiligini ýola goýmaga taýýarlanýar
22.04.21 - 10:30Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Jet A-1 kysymly awiasion ýangyjynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Munuň özi zawodynda öndürilýän ТС-1 awiaýangyjyň ýewropa nusgasydyr.
Si Szinpin Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşar
23.04.21 - 14:51Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýtdy diýip, HHR-iň Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatyny neşir eden «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň gaz senagaty: geljekki mümkinçilikler
20.04.21 - 10:45Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy GECF «Global Gas Outlook 2050» atly nobatdaky bäşinji hasabatyny çap etdi, onda dünýäniň energetika bazarlarynyň ýagdaýy we olaryň ösüşi, energetika ulgamynda tebigy gazyň eýeleýän orny jikme-jik seljerilýär.
Gazlift usuly bilen hereket edýän nebit guýulary «mawy ýangyç» bilen durnukly üpjün edilýär
21.04.21 - 10:47Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, Gazy toplamak we paýlamak boýunça Balkanabat müdirliginiň hünärmenleri Hazaryň kenaryndaky gaz kompressor beketleriniň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler.
Seýdiniň NGIZ-de bitum önümçiligi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň girdejisiniň artmagyny üpjün eder — bilermen
21.04.21 - 10:48Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary hilli bitumyň önümçiligi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň girdeji böleginiň artmagy üçin şertleri döredýär diýip, CentralAsia-nyň bilermeni, tehniki ylymlarynyň doktory Allaberdi Ylýasow belleýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
19.04.21 - 14:29Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky Konsepsiýa gol çekildi
19.04.21 - 14:32Türkmenistanyň we Owganystanyň resmi wekilleri geçen hepde geçiren duşuşyklarynyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygy üpjün etmek baradaky Howpsuzlyk Konsepsiýasyna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň kakasy — Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy
19.04.21 - 14:3218-nji aprelde – mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
«Demirgazyk Goturdepe» ýatagynda täze guýular ulanyşa girizildi
19.04.21 - 09:27«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ýokary netijeler bilen dabaralandyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň burawçylary «Demirgazyk Goturdepe» ýatagynda iki sany nebit guýusynda buraw işlerini üstünlikli tamamladylar.
«Galkynyş» känindäki zähmet üstünlikleri
19.04.21 - 09:28«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalamak boýunça desgasynda zähmet çekýän «Marygazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýyly ýokary zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýarlar.