Nebitgaz toplumynyň işiniň netijeleri jemlenildi
23.02.21 - 11:56Şu ýylyň fewral aýynda wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny has-da ösdürmek boýunça esasy wezipeleri kesgitledi.
«Türkmennebitönümleri» müdirliginiň «Serdar» nebitönümleri kärhanasy girdejililigini artdyrýar
24.02.21 - 11:12«Türkmennebitönümleri» müdirliginiň «Serdar» nebitönümleri kärhanasynyň 2020-nji ýyldaky girdejisi 11,4 mln manada barabar boldy, şol bir wagtda meýilnama 149% ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň DIM-inde Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
24.02.21 - 11:1422-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy
22.02.21 - 17:45Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 19-njy fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçylary Ankarada gepleşikleri geçirer
22.02.21 - 17:46Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2021-nji ýylyň 22-24-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrar.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.02.21 - 16:30Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 66-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
19.02.21 - 20:552020-nji ýylda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygy 8,6 göterim ýokarlandy. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen çarşenbe güni geçiren duşuşygynda habar berildi.
Täze bölümçe açyldy
18.02.21 - 10:05Nebitgaz pudagynda öňdebaryjy daşary ýurt firmalarydyr kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda şeýle firmalardyr kompaniýalaryň birnäçesi ýurdumyzyň iri önümçilik-hojalyk toplumy bolan «Türkmennebit» döwlet konsernine hyzmat edip, olar diňe bir täze tehnika, enjamlar bilen üpjün etmek däl, eýsem, burawlaýyş, nebit çykaryş, düýpli abatlaýyş işleri bilen meşgullanýan kärhanalara uly hemaýat edýärler. Şolaryň biri-de Russiýanyň «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetidir.
TOP halkara elektrik geçirijisi gurulýar
18.02.21 - 09:54Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany ösen senagatly döwlete öwürmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we artdyrmak baradaky maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyna hem möhüm orun berilýär.
Belent sepgitlere ynamly badalga
18.02.21 - 09:51Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň düzümlerinde hem şu günler döwrebap işler bitirilýär. Bu barada müdirligiň Balkan welaýatyndaky Serdar nebit önümleri kärhanasynyň başlygy Baýrammyrat ORAZGELDIÝEW habarçymyza şeýle gürrüň berdi: — Kärhanamyzyň garamagyndaky beketlerde bar bolan dürli maksatly tilsimatlardyr enjamlar hemişe saz işledilýär. Ýangyçdyr çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri sarp edijilere ýetirilende, ilkinji nobatda, daşky gurşawy goramagyň düzgünleri pugta berjaý edilýär.
Demirgazyk Goturdepe: täze guýulardan nebit çykaryldy
18.02.21 - 09:46Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň we kenarýaka zolagynyň geljegi uly ýataklaryny senagat möçberinde batly depginler bilen özleşdirmek, bu ugurda daşary ýurt kompaniýalaryny we maýalaryny hyzmatdaşlyga çekmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Гурбангулы Бердымухамедов: в 2020 году рост ВВП Туркменистана составил 5,9%
17.02.21 - 11:43В прошлом году рост ВВП Туркменистана составил 5,9%. Об этом заявил Президент Гурбангулы Бердымухамедов на состоявшемся в минувшую пятницу расширенном заседании Кабинета Министров Туркменистана, на котором подведены итоги 2020 года.
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisi bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny maslahatlaşdy
18.02.21 - 09:39Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed bilen 16-njy fewralda geçiren duşuşygynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Geçen ýylyň jemlerine garaldy
16.02.21 - 19:17Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýerine ýetirilen işleriň jemine hem-de şu ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.
«Türkmengeologiýa» DK täze guýularda buraw işlerini alyp barýar
16.02.21 - 19:26Türkmenistanyň ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda we desgalarynda işler giň gerimde alnyp barylýar. Şu günlerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri «Malaý» käninden uzakda bolmadyk «Agarguýy» meýdançasynda № 5 guýusyny burawlamaga girişdiler. Guýynyň taslama çuňlugy 3300 metre deňdir.