Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwarynda işleriniň jemlerine seredildi
16.02.21 - 12:31Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň netijeleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde seljerildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy
16.02.21 - 12:34Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetine görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna ýolbaşçylyk eden Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Türkmenistanyň Mejlisi degişli Karary kabul etdi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
16.02.21 - 12:28Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 110-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi
15.02.21 - 11:13Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda çykaran Permany bilen, Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynda ýolbaşçylary wezipä belledi we ileri tutulýan ugurlary kesgitledi
15.02.21 - 11:1111-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy.
HEA 2021-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň çaklamasyny 100 müň b/g aşaklatdy
11.02.21 - 22:02Halkara energetika agentligi (HEA, IEA) 2021-nji ýylda dünýäde nebite bolan islegiň çaklamasyny 100 müň b/g aşakladyp, 5,4 mln b/g ýetirdi.
Gazçylar halkyň hyzmatynda
09.02.21 - 17:36«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary şu günler etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda nusgalyk işleri alyp barýarlar. Olar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň ilkinji aýyny netijeli jemlediler.
Ýanwar aýynda dünýä boýunça nebit ibermeleri 590 müň b/g ýokarlandy — HEA
11.02.21 - 22:05Dünýä boýunça nebit ibermeleri ýanwar aýynda günde 590 müň barrele çenli artyp, ýanwarda 93,6 mln barrele ýetdi. OPEC+ ylalaşygyna gatnaşyjylaryň nebit çykarmaklygyny çäklendirmeginiň gowşamagy, ylalaşyga girmeýän döwletleriň bolsa, önümçiligi artdyrmagy muňa sebäp boldy, diýip Halkara energetika agentliginiň hasabatynda aýdylýar. Bu barada INTERFAKS habar berýär.
Şanly ýyl üstünlige beslener
09.02.21 - 17:34Başymyzyň täji ata Watanymyzda beýik baýramy — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmäge giňden taýýarlyk görülýär. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň agzybir hem-de başarjaň işgärleri hem bu taryhy senäni mynasyp derejede, uly zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýärler.
«Türkmengaz» DK-nyň Marydaky nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 2020-nji ýylda 1160 hünärmen taýýarlady
11.02.21 - 10:47«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi ýurdumyzyň energetika pudagy üçin ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak boýunça möhüm merkezleriň biri bolup durýar. Geçen ýylda merkezdäki diňleýjileriň sany 1160-a ýetdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna ynamly gadamlar bilen
09.02.21 - 17:32Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagyna resmi taýdan badalga berilmegini ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalaryň hatarynda görkezmek bolar.
Hytaý ýanwarda Merkezi Aziýadan 3,8 milliard kub metrden gowrak gaz satyn aldy
10.02.21 - 10:322021-nji ýylyň ýanwar aýynda Merkezi Aziýa ― Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 3,87 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz akdyryldy, diýip Sinhua habarlar gullugy Hytaýyň «PipeChina West Pipeline» nebitgaz kompaniýasyna salgylanyp habar berdi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
09.02.21 - 10:11Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.
«Taliban» hereketi TOPH we Owganystanda beýleki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişini goldady
09.02.21 - 10:06«Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti owgan halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen ýokarda görkezilen infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň prosesini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny beýan etdi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.
Türkmen buýany — tebigy bejeriş serişdesi
02.02.21 - 16:37Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, buýan köküniň ynsan saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti, birnäçe keselleri, şol sanda howply ýokanç keselleri ýok edijilik, olaryň öňüni alyjylyk aýratynlyklary barada aýtmak bilen,