Hytaý ýanwarda Merkezi Aziýadan 3,8 milliard kub metrden gowrak gaz satyn aldy
10.02.21 - 10:322021-nji ýylyň ýanwar aýynda Merkezi Aziýa ― Hytaý gaz geçirijisi arkaly Hytaýa 3,87 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz akdyryldy, diýip Sinhua habarlar gullugy Hytaýyň «PipeChina West Pipeline» nebitgaz kompaniýasyna salgylanyp habar berdi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
09.02.21 - 10:11Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.
«Taliban» hereketi TOPH we Owganystanda beýleki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişini goldady
09.02.21 - 10:06«Таliban» hereketiniň syýasy edarasynyň wekiliýeti owgan halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen ýokarda görkezilen infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň prosesini hemmetaraplaýyn goldaýandygyny beýan etdi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.
Türkmen buýany — tebigy bejeriş serişdesi
02.02.21 - 16:37Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, buýan köküniň ynsan saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti, birnäçe keselleri, şol sanda howply ýokanç keselleri ýok edijilik, olaryň öňüni alyjylyk aýratynlyklary barada aýtmak bilen,
Ukrainanyň OKKO kompaniýasy Türkmenistandan nebit önümlerini import etmegi meýilleşdirýär
08.02.21 - 09:58«OKKO» Işewürler-topary (Ukraina) awtomobil ýangyç bazarlaryny giňeltmegi, şol sanda Türkmenistandan nebit önümlerini satyn almagyň hasabyna giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada Interfaks-Ukraina habar berýär.
Beýik işler ruhuňy galkyndyrýar
02.02.21 - 16:34Geçen aýyň ahyrlarynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyranda, halkymyzyň milli guwanjy bolan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.
Abu-Dabi Ösüş gaznasy Türkmenistanda gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmäge gatnaşar
05.02.21 - 10:02Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi Ösüş gaznasy (ADÖG) we Türkmenistanyň Hökümeti iki ýurduň möhüm pudaklaryna maýa goýumlary üçin üç sany özara düşünişmek ähtnamalaryna gol çekdiler, diýip ORIENT agentligi habar berýär.
Gözelligiňe iller aşyk, Aşgabat!
02.02.21 - 16:29Aşgabadyň gülläp ösüşi, gözümiziň alnynda özgerýär. Bagtly durmuşyň sakasy saglyk, agzybirlik, abadan durmuş. Ine, şular berkarar Watanymyzda jemlenen. Ösüş we özgeriş ýurdumyzyň islendik künjeginde bar. Dünýäni haýrana goýýan Aşgabat welin, bu babatda nusga alarlyk. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda onuň ümzügi has-da ileri.
Gurbanguly Berdimuhamedow: ýangyç-energetika toplumy üçin ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp düzmek zerur
04.02.21 - 09:42Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumy üçin ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyny işläp düzmegi tabşyrdy. Degişli görkezmeleri döwlet Baştutany Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça sişenbe güni geçiren iş maslahatynda berdi.
Burawçylaryň üstünlikleri
02.02.21 - 16:20Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen giň möçberli işleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary tarapyndan alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň ösüşi boýunça iş maslahatyny geçirdi
04.02.21 - 09:452-nji fewralda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, 2021-nji ýylda öňde durýan wezipeler barada gürrüň edildi.
Suw arassalaýjylaryň gaýratly gadamlary
02.02.21 - 16:11«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz käniniň guýularyndan tebigy gazyň çykarylmagynda, şu ýerdäki «mawy ýangyjy» kükürtden arassalaýan baş desgalarda gazyň ýokary tehnologiýaly enjamlar arkaly arassalanylyp, harytlyk görnüşine ýetirilip, sarp edijilere ugradylmagynda müdirligiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň işgärleriniň saldamly zähmet goşantlary bar.
«Arkadagyň «Açyk gapylar» syýasaty rowaçlanýar»
02.02.21 - 20:59Şeýle at bilen «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň Tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Kärdeşler arkalaşygynyň komitetiniň we Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabaraly maslahat juda işjeň häsiýete we ýokary ruhubelentlige eýe boldy.
«Gazprom» 2035-nji ýyla çenli Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrmak isleýär
04.02.21 - 11:03“Gazprom” 2020-2035-nji ýyllar aralygynda Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini 5,5 milliard kub metre çenli artdyryp biler. Bu barada Russiýanyň gaz pudagyny 2035-nji ýyla çenli ösdürmek boýunça baş meýilnamanyň taslamasyna salgylanyp “TASS” agentligi çarşenbe güni habar berdi.
«Dostluk» ýatagy: dünýä möçberindäki taryhy waka
02.02.21 - 15:51Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döretdi. Daşary ýurtlaryň habarlar agentlikleri, dünýä belli pudaklaýyn we elektron neşirleri bu wakanyň möhüm ähmiýetini belleýärler.