Gatlak basyşynyň täsiri
26.01.21 - 14:38«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamada täze nebit we gaz ýataklaryny gözläp tapmak we özleşdirmek hem-de öň bar ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, bu pudagyň çig mal binýadyny berkitmek esasy meseleler bolup durýar.
«Malaý» gaz gysyjy desgasynyň işe girizilmigi mynasybetli maslahat geçirlidi
01.02.21 - 09:45Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Lebap welaýatynyň «Malaý» gaz käninde täze gaz gysyjy bekediň ulanyşa girizilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Täze tehnologiýalary özleşdirýärler
26.01.21 - 14:35Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda-da önümçilige ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalardan doly baş çykarýan işçi hünärmenleri taýýarlamaklygy baş wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar.
Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli elektrik energetikasyny energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine we gaza geçirmegi meýilleşdirýär
01.02.21 - 09:46Saud Arabystany 2030-njy ýyla çenli energetikasynyň 50%-ni gaza, galan bölegini bolsa — energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçirmegi meýilleşdirýär, diýip ýurduň energetika ministri, şazada Abdulaziz ben Salman Er-Riýadda Future Investment Intiatives forumynyň çäklerinde aýtdy, diýip Interfaks habar berýär.
Türkmenistan dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
26.01.21 - 14:33Türkmenistan şu günlerde ýene-de dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň, şeýle hem köpsanly internet-saýtlaryň täzeliklerdir habarlarynda köp agzalýan geografik atlaryň birine öwrüldi. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewür toparlarynyň ünsi jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolan şanly wakalara — ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi
Islegiň peselmek mümkinçiliginiň netijesinde nebitiň bahalary aşaklaýar, «Brent» — 55,45 dollar
01.02.21 - 10:02COVID-19 keselçiliginiň ýokary bolmagy we hereket edýän çäklendiriji çäreleriň netijesinde nebitiň bahalary çarşenbe güni aşak düşýär, diýip Interfaks habar berýär.
Hazar — dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi
26.01.21 - 14:30Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu çärä göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdylar.
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde
27.01.21 - 21:48«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.
«Türkmennebit» DK-nyň abatlaýyş-mehaniki zawody: işler bellenilen meýilnamadan artyk ýerine ýetirildi
27.01.21 - 21:46«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň abatlaýyş-mehaniki zawodynyň işgärleri geçen ýylda 7 million 960 müň manatdan gowrak möçberde abatlaýyş-mehaniki işleri ýerine ýetirdiler. Şol bir wagtda önümçilik tabşyrygy bellenilen meýilnamadan artyk ýerine ýetirildi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
25.01.21 - 15:27Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 35-si baglaşyldy.
«Türkmennebit» DK «Honghua International Co,. Ltd.» kompaniýasyndan buraw turbalaryny satyn alar
25.01.21 - 15:25«Türkmennebit» döwlet konserni dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Honghua International Co., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Ankara Hazardaky ýatak boýunça türkmen-azerbaýjan Ähtnamasyny goldaýar — Türkiýäniň DIM-i
25.01.21 - 00:50Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini goldaýar, diýip Trend agentligi Anadolu agentligine salgylanyp habar berýär.
«Demirgazyk Balguýuda» 2020-nji ýylda 1,7 mlrd kub metrden gowrak gaz çykaryldy
25.01.21 - 00:49«Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri Demirgazyk Balguýy önümçilik böleginde geçen ýylda ýokary zähmet görkezijilerini gazandylar.
«Goturdepenebit» kärhanasynyň nebitçileri 2020-nji ýylda 1,3 mln tonnadan gowrak «gara altyn» çykardylar
25.01.21 - 00:47«Türkmennebit» döwlet kärhanasynyň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepenebit» nebit we gaz çykarmak boýunça kärhanasyny ösdürmegiň strategiýasy täze uglewodorod serişdelerini gözlemeklige we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen känleri netijeli işläp taýýarlamaklyga gönükdirilendir.
Dünýä uzaýan ýollar
19.01.21 - 14:34Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ulag ulgamy boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak Türkmenistanyň öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň biri bolup durýar. Çünki häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ählumumy durnukly ösüşiň esasy şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ählumumy hojalyk gatnaşyklarynyň netijeliligine gös-göni täsir edýän bu ulgam dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir.