Barlaghana synaglarynyň önümçilikde ornaşdyrylyşy
16.03.21 - 11:01Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Türkmenistanyň nebit gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan sepgitlere ýetmek üçin nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wajyp meseleleriniň biri hem tebigy serişdeleriň rejeli we peýdaly ulanylmagyny üpjün etmekdir.
Yhlasly zähmet — ösüşe medet
16.03.21 - 11:02Geçýän her gün, her hepde, her aý bizi üstümizdäki ýylyň taryhy wakasyna — Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesine barha ýakynlaşdyrýar. Mukaddes baýramy uly üstünlikler, ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrmak her bir zähmetkeşler köpçüliginiň baş maksadydyr. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem şeýle belent maksada gulluk edip, ýurdumyzyň baýlygyna baýlyk goşmak ugrunda tutanýerli we ýokary başarnykly zähmet çekýärler.
Belent maksatlar halkyň abadançylygyna gönükdirilýär
17.03.21 - 09:21«Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazaragatnaşyk» müdirliginde «Zähmet kanunçylygynyň esaslary» atly maslahat geçirildi.
Türkmenistan we Saud Arabystany energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär
17.03.21 - 09:22Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň «Somo Al Mamlakah» Saud kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdullah Al Şugairi bilen geçiren onlaýn-duşuşygynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, şeýle-de energetika ulgamyndaky beýleki geljegi uly taslamalaryň oňyn amala aşyrylmagy boýunça bilelikdäki işleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
16.03.21 - 11:23Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Mejlisi «Dostluk» ýatagy boýunça türkmen-azerbaýjan Ähtnamasyny tassyklady
16.03.21 - 11:24Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklady. Degişli resminama Türkmenistanyň Mejlisiniň şenbe güni geçirilen maslahatynda kabul edildi.
Maý aýynda Aşgabatda OGT — 2021 maýa goýum halkara forumy geçiriler
16.03.21 - 21:28Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» (OGT 2021) – Halkara maýa goýum forumy 2021-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda geçiriler. Bu barada çäräni guraýjylaryň web sahypasynda habar berilýär.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary GDA-nyň wirtual sergisine gatnaşýar
12.03.21 - 19:33Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň kärhanalary «GDA—30 ýyl» ykdysady forumynyň çäklerinde 11-12-nji martda geçirilýän GDA-nyň EKSPO onlaýn-sergisine gatnaşýarlar. Bu forum gurama agza döwletleriň işewür wekillerini jemledi. Bu bolsa önümleri Arkalaşygyň çäklerinde öňe sürmäge we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär.
Hökümet mejlisinde taslamalary maliýeleşdirmek we kars serişdelerini gaýtaryp bermek meseleleri maslahatlaşyldy
12.03.21 - 19:31Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iri taslamalary karzlaşdyryp maliýeleşdirmek, ýurdumyzyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokalrandyrmak bilen bagly meseleler maslahatyň esasy mowzugy boldy.
2021-nji ýylda nebite bolan isleg 5,5 mln b/g çenli dikelip, ätiýaçyklar aşaklap biler
12.03.21 - 10:43Nebite bolan isleg 2021-nji ýylda 5,5 mln b/g dikelip biler, diýip RF-iň wise-premýeri Aleksandr Nowak belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Günorta gaz geçelgesini» Merkezi Ýewropa çenli uzaltmak gerek — Wengriýanyň DIM-niň ýolbaşçysy
13.03.21 - 14:59«Günorta gaz geçelgesiniň» (GGG) ähmiýeti barada Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýarto Azerbaýjanyň Energetika ministri Parwiz Şahbazow bilen söhbetdeşlikde aýtdy, diýip Interfaks-Azerbaýjan habar berýär.
Mary welaýatynyň daýhanlary tebigy gaz bilen üpjün edilýär
11.03.21 - 12:21Türkmenistanyň Mary welaýatynda oba ýerleriň ilatly nokatlaryny gaz bilen üpjün etmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň başyndan bäri «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Mary welaýatynyň ilatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň gazçylarynyň tagallalary bilen uzynlygy 4074 metr bolan ýokary we orta basyşly gaz geçirijisi guruldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow: ösüşiň gazanylan depginlerini saklap galmak wajypdyr
11.03.21 - 12:22Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň işiniň 2021-nji ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça netijeleri ýurdumyzyň ýokary depginlerde ösmegini dowam edýändigine şaýatlyk edýär. Gazanan ösüş depginimizi peseltmän saklap galmak biziň üçin has hem möhümdir. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçiren Hökümet mejlisinde oňa gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.
Belent sepgitleri nazarlaýan gazçylar
09.03.21 - 10:13«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýyly belent sepgitlere besleýärler. Il-günümiziň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy ýaly belent maksatlary ýaran edinen müdirligiň işçi-hünärmenleri şu günler welaýatyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilmegi bilen bir hatarda, türkmen gazynyň halkara hil derejesinde dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny eýelemegi ugrunda hem öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar.
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa
09.03.21 - 10:15Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.