Stambulda Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri görkezildi
04.07.25 - 04:22Stambulyň sergi merkezinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. 2-nji iýuldan 5-nji iýula çenli dowam etjek bu çäre döwlet Baştutanlarynyň işjeň goldaýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösmeginiň aýdyň beýany boldy diýip, Orient habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
04.07.25 - 04:21Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
02.07.25 - 15:27«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze bellenen ilçisi bilen bilelikdäki iri taslamalary maslahatlaşdy
01.07.25 - 10:2330-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda eksporta we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
01.07.25 - 10:25Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady
01.07.25 - 10:2529-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
01.07.25 - 04:15Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar. Döwrüň ösmegi we tehnologiýanyň üznüksiz kämilleşmegi netijesinde bolsa, tebigaty goramak, energiýa serişdeleriniň zyýanly galyndylaryny aradan aýyrmak, uç-gyraksyz sähralyklaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly wajyp meseleler ýüze çykýar.
Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyny belledi
01.07.25 - 10:2329-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamdowa doglan gününi gutlap iberen hatynda onuň rus-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşandyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösüşini maslahatlaşdy
01.07.25 - 10:26Ýekşenbe güni, 29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
01.07.25 - 10:2429-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering” korporasiýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Haruo Nagamatsuny kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi
28.06.25 - 06:2827-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
29.06.25 - 17:4827-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegini maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatyna we sergisine bellige almaklyk başlandy
27.06.25 - 13:50Aşgabatda şu ýylyň 22-24-nji oktýabrynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahaty we sergisiniň (OGT 2025) resmi hasaba alyşy açyldy. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Energiýa Forum” bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
26.06.25 - 10:3325-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
27.06.25 - 05:40Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.