“Uzynada” känindäki nobatdaky guýudan uglewodorodlaryň senagat akymy alyndy
13.02.25 - 17:36«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Uzynada» känindäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizdiler. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.
Eýranyň Prezidenti bilen duşuşykda energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
13.02.25 - 17:30Eýran Türkmenistan bilen energetika, ulag, suw çeşmeleri we beýleki ugurlarda konstruktiw hyzmatdaşlygy dowam etdirmeklige ygrarly. Bu barada 12-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana amala aşyran saparynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçiren duşuşygynda aýdyldy. Muny Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Iş topary «Hazar deňzi – Gara deňiz» ulag geçelgesi boýunça hökümetara Ylalaşygynyň taslamasyny maslahatlaşdy
12.02.25 - 15:1310-njy fewralda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýar
12.02.25 - 15:1311-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmelerde hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy diýip, ýurdumyzyň DIM-nde habar berdiler.
Birža söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
12.02.25 - 15:14Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda nebitgaz we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşýar
12.02.25 - 15:1511-nji fewralda Tährana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň Prezidentini gutlady
11.02.25 - 12:02Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barda TDH habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda geçiriljek Hazar ykdysady forumyna gatnaşar
11.02.25 - 11:58Türkmenistanyň wekiliýeti 17-18-nji fewralda Tähranda geçiriljek üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Masud Pezeşkiany Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy
11.02.25 - 11:57Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Eýranyň Prezidenti ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
11.02.25 - 11:5610-njy fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň telefon arkaly söhbetdeşliginde ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2025-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklanyldy
11.02.25 - 09:34Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2025-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini, şol sanda awtomobil benzini we dizel ýangyjy, şeýle hem awiakerosin boýunça möçberi tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Degişli resminama metbugatda çap edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklady
11.02.25 - 09:33Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklady. Degişli resminama metbugatda çap edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti: 2024-nji ýylda uly üstünlikler gazanyldy, bellenilen meýilnamalar ýerine ýetirildi
10.02.25 - 03:467-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemledi we “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda öňde goýlan meýilnamalar barada aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanda 2024-nji ýylda 77,6 mlrd kub metrden gowrak gaz we 8,3 mln tonnadan gowrak nebit çykaryldy
08.02.25 - 09:422024-nji ýylyň netijeleri boýunça 77 milliard 623,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 279,7 müň tonna nebit çykaryldy. Bu barada Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Giňişleýin Hökümet mejlisinde 2024-nji ýylda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň jemleri jemlenildi, geljekki wezipeler kesgitlenildi
08.02.25 - 09:437-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2025-nji ýylda öňde durýan wezipeler girizildi. Bu barada TDH habar berýär.