Gazagystanyň Prezidenti we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
05.02.25 - 12:414-nji fewralda Astana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-nde habar berdiler.
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE we içerki bazara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi
04.02.25 - 15:21Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Türkmenistan we Gazagystan nebitgaz, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
04.02.25 - 15:203-nji fewralda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Türkmenistan YHG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça başlangyçlaryny beýan etdi
04.02.25 - 15:193-nji fewralda daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler
04.02.25 - 06:1019-20-nji fewralda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi geçiriler diýip, TDH habar berýär.
Ýylyň şygaryna bagyşlandy
04.02.25 - 04:20Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde «Parahatlyk nury örtüp Zemini, geldi Pyragynyň diýen zamany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa toplumyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanda “Türkmenhimiýa” DK-nyň kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar
04.02.25 - 06:12Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Pakistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini maslahatlaşdylar
04.02.25 - 06:14Yslamabatda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň diplomatlary bilen geçiren duşuşygynda energetika, söwda we ulag ulgamlaryna hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada 2-nji fewralda, ýekşenbe güni, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasyndan alnan maglumata salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti nebit önümleri bilen sarp edijilere hyzmat edýän nokatlary artdyrmak teklibini goldady
01.02.25 - 08:4331-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip TDH habar berýär.
Aşgabatda “Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyk gelýän hil kepilligi” Halkara maslahaty geçiriler
04.02.25 - 06:11Aşgabatda 29-30-nji aprelde «Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyklyk gelýän hil kepilligi» atly Halkara maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi «TurkmenExpo» kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.
Daşoguz welaýatynda oba ýerleri işjeň ýagdaýda gazlaşdyrylýar
31.01.25 - 14:02«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri Daşoguz welaýatynyň oba sebitlerini gazlandyrmak ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. 2024-nji ýylda olar dürli basyşdaky täze gaz geçirijileriniň 60 kilometrini gurdular.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan energetika ulgamynda Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
30.01.25 - 11:31Aşgabat Bişkek bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge, ony giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi diýip, TDH habar berýär.
Türkmensitanyň Prezidenti Si Szinpine gutlagynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmegiň uly mümkinçiliklerini belledi
29.01.25 - 14:46Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
30.01.25 - 05:4729-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy diýip, TDH habar berdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada nebitgaz we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
28.01.25 - 15:2127-nji ýanwarda Tokio şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy, şol sanda nebitgaz topumy boýunça okgunly ösdürilýändigi nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.