Habarlar
15f3386f872fef.png
YGTYBARLY ÜPJÜN EDILÝÄR
26.08.20 - 08:56

Häzirki zaman dünýäsiniň ösüşlerini ykdysadyýetiň nebitgaz toplumyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz bolsa bu gün dünýäniň ýangyç-energetika babatynda öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda tanalýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligi tarapyndan içerki bazary nebit önümleri we harytlyk ýaglar bilen ygtybarly üpjün etmekde göreldeli işler bitirilýär.


15f3a1e0230338.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň ýedi aýynyň netijeleri maslahatlaşyldy
26.08.20 - 11:27

Geçen anna güni Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň şu ýylyň ýedi aýynyň netijeleri maslahatlaşyldy.


15f33862ddd468.jpeg
NEBITÇILERIŇ DURMUŞYNY ÖWRENEN ALYM
26.08.20 - 11:54

Taryh ylymlarynyň doktory Şyhberdi Annagylyjow 1930-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda dünýä inýär. 1947-nji ýylda Lebap welaýatyndaky mugallymçylyk institutyna okuwa girip, 1951-nji ýylda ony üstünlikli tamamlaýar. 1951 — 1954-nji ýyllarda Bäherden we Gökdepe etraplarynyň mekdeplerinde mugallymçylyk edýär. Gökdepe etrabynyň bilim bölüminiň usulyýet otagynyň müdiri bolýar. 1954 — 1957-nji ýyllarda SSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň etnografiýa institutyna aspirantura okuwa girýär.


15f3a1d7704164.jpeg
Geçen hepdeniň birža täzelikleri
26.08.20 - 11:27

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.


15f33850f6d75e.jpeg
TÄZE SEPGITLERE UGUR ALYNDY
26.08.20 - 11:46

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylary hem özüniň mübärek gadamy bilen halkymyza egsilmez şatlyk we ýokary ruhubelentlik getiren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan täze — 2020-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Müdirligiň gazçylary häzirki gyş günlerinde welaýatyň ilatyny hem-de edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, demirgazyk welaýatyň obadyr şäherlerinde ýyladyş ulgamlarynda ilat tarapyndan gymmatly «mawy ýangyjyň» aýawly ulanylmagy ugrunda hem netijeli işleri alyp barýarlar.


15f366b9273d2a.jpeg
Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda söwda-senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
26.08.20 - 11:15

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow penşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen wideogepleşikleri geçirdi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15f3384507fe97.jpeg
ÇAGALARYŇ DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMI ŞATLYK-ŞOWHUNA BESLENDI
26.08.20 - 11:33

Yurdumyzda durmuşyň gül-gunçasy çagalaryň tomusky we gyşky dynç alyş möwsüminde wagtyny netijeli geçirmegi üçin ähli amatly şertler bar. Çagalaryň müňlerçesi ýylyň-ýylyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we welaýatlarymyzdaky döwrebap merkezlerde talabalaýyk dynç alýar we saglygyny pugtalandyrýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Gökdere jülgesinde gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezleri uly ähmiýete eýe bolup durýar.


15f34dc0b2f4aa.jpeg
Türkmenistan we Owganystan ýangyç-energetika toplumynda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdy
17.08.20 - 11:09

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen wideokonferensiýa görnüşinde geçiren gepleşiklerinde söwda-ykdysady, energetiki we ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15f32264ac9701.jpeg
TEBIGY GAZYŇ HÖZIRI
26.08.20 - 11:48

Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin kabul eden Maksatnamasynda täze nebitli, gazly ýataklary ýüze çykarmak, özleşdirmek, uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny artdyrmak, ony gaýtadan işlemek, sarp edijilere ýetirmek boýunça ulgamyň önümçilik düzümleriniň öňünde durýan wezipeler takyk kesgitlenilýär.


15f3281814a49d.jpeg
«Täjibaý» känindäki täze guýudan tebigy gaz akymy alyndy
26.08.20 - 10:59

«Täjibaý» käninden günlük debiti 400 müň kub metrlik tebigy gazyň senagat akymy alyndy.


15f322219108ed.jpeg
NEBIT PUDAGYNDA SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNAŞDYRYLMAGY WE ÖSDÜRILMEGI
26.08.20 - 10:08

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda alnyp barylýar.


15f312303272d5.jpeg
Wengriýa gazy import etmekde Türkmenistany geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar
26.08.20 - 06:34

Wengriýa, esasanam, «Günorta gaz geçelgesi» arkaly tebigy gazyň importy bilen gyzyklanýar we Türkmenistany bu babatda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar diýip, Trend agentligi Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrligine salgylanyp habar berýär.


15f3154642af20.jpeg
ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY — ÝURDUMYZYŇ DAŞARY SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY
26.08.20 - 10:12

Dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmaklygyň ýokary nusgasyny görkezýär. Dünýä syýasatynyň derwaýys meseleleri boýunça hormatly Prezidentimiziň oňyn garaýyşlary we teklipleri sebitleýin hem ählumumy derejede özara gatnaşyklaryň iň amatly gurallarynyň işlenip taýýarlanmagyny şertlendirýär.


15f30fc06bafd5.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.08.20 - 06:27

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 61-si hasaba alyndy.


15f2d6515bd5e2.jpeg
ŽURNALYŇ TÄZE SANY NEŞIR EDILDI
26.08.20 - 07:09

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky täze sany çapdan çykyp, öz okyjylaryna gowuşdy.