Habarlar
15fb2204b79203.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
17.11.20 - 15:05

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 253-si hasaba alyndy.


15fae14dd8396f.jpeg
Türkmenistanda 1-nji dekabrda onlaýn görnüşde energetika boýunça halkara maslahaty geçiriler
15.11.20 - 21:40

Türkmenistanda 1-nji dekabrda onlaýn görnüşde «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.


15facefbfcad85.jpeg
Baýramalyda durky täzelenen AÝGB açyldy
13.11.20 - 10:09

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde düýpli abatlaýyş işleri tamamlanandan soň, awtomobillere ýangyç guýujy №125 beket işläp başlady. Gysga wagtyň içinde ol dünýä ülöüleriniň ählisine laýykl gelýän döwrebap AÝGB öwrüldi.


15fabc7f7e8b80.jpeg
Aşgabatda täze binalaryň toplumy açyldy
12.11.20 - 00:04

Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň paýtagtynyň günbatar böleginde Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly binalaryň iri toplumy açyldy.


15fab9d4511db3.jpeg
Seýdiniň NGIZ: önümleri eksport etmäge tarap ugur
12.11.20 - 00:06

2020-nji ýylyň başyndan bäri Seýdiniň NGIZ 23 müň 840 tonna agyr wakuum gazoýly eksporta iberildi. Soňky ýyllarda bu önüm, zawodda öndürilýän ýol bitumy ýaly daşary ýurtly sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanýar.


15faa320a1a7bf.png
Siziň üçin duşuşyk Amanmyrat ORAZGULYÝEW
10.11.20 - 11:24

Şu ýylyň 25-nji sentýabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň uly topary döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp boldy.


15faa318da7ae8.png
«Gara altyn» topary toýa taýýarlanýar
10.11.20 - 11:22

Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygynda Diýarymyzyň toýlary toýa ulaşýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýy ýakynlap gelýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hereket edýän «Gara altyn» tans, folklor we aýdym-saz toparynyň öňde boljak şanly baýramçylyga görýän taýýarlygy dogrusynda söhbet etmek üçin toparyň çeper ýolbaşçysy, ýokary okuw mekdebiniň geologiýa fakultetiniň uly mugallymy Amanmyrat ATAÝEW bilen söhbetdeş bolduk. Ol buýsanç bilen hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdyp, şulary gürrüň berdi.


15faa311fb7071.png
Halkara maslahaty dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
10.11.20 - 11:20

28 — 29-njy oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly XXV Halkara maslahaty nebitgaz işewürliginiň dünýäsinde möhüm waka öwrüldi. Daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinde çap edilen köpsanly habarlardyr makalalar munuň aýdyň subutnamasy boldy.


15faa2fd93e20b.png
Hyzmatyň hili ýokarlanýar
10.11.20 - 11:14

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda ýurdumyzda halkymyza ähli ugurlarda edilýän hyzmatyň hili barha ýokarlanýar. Ilatymyzy döwletimiziň milli baýlygy bolan nebit önümleri bilen üpjün etmekdäki işleriň döwrebaplaşdyrylyp, barha kämilleşdirilýändigi hem şunuň bir mysalydyr.


15faa2f5567abf.png
Paýtagtymyz baýramçylyk lybasyna beslenýär
10.11.20 - 11:12

Şu ýyl türkmen halky üçin aýratyn, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak ýyl bolar. Çünki «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilenine şanly 25 ýyl dolýar. Günler bizi bu şöhratly senä golaýlaşdyrdygyça, ýurdumyzyň şäherlerinde, hususan-da, gözel paýtagtymyz Aşgabatda baýramçylyk alamatlary has äşgär duýulýar. Bu baýramçylygyň ýokary derejede bellenilmegi hakyky taryhy waka öwrülip, Türkmenistanyň bütin dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam eder.


15faa2eb21d6e1.jpeg
Güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi
10.11.20 - 11:09

Geçen şenbede Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ähli künjeklerinde güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi. Ahal welaýatynda guramaçylykly geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.


15faa2e2c431ba.jpeg
On aýyň jemine garaldy
10.11.20 - 11:07

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda wideomaslahat görnüşinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirilip, onda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada, birleşiklerde we müdirliklerde hem-de edara-kärhanalarda alnyp barlan işlere baha berildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.


15fa930685f0d6.jpeg
Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million agaç nahallary ekiler
11.11.20 - 10:38

2020-nji ýylda Türkmenistanda ýurduň bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ähli ýerlerde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler. Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi.


15fa8cfeac8fec.jpeg
Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde we onuň çäginden daşarda ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny goldaýar
11.11.20 - 10:37

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen anna güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow eden çykyşynda Türkmenistanyň ýanaşyk sebitlere çykmak bilen GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtaladyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


15fa8ccfe0d9e3.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
09.11.20 - 10:01

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.