Nebitçileriň arasynda bäsleşik geçirildi
10.09.24 - 04:10«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
09.09.24 - 11:518-nji sentýabrda Astana iş saparyny amala aşyran Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň burawçylary nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrýarlar
08.09.24 - 04:20Nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýe bolan garaşsyz bitarap Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkitmegi dowam edýär. Şunda bu asylly işe “Türkmennebit” Döwlet konserniniň burawçylary mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Hökümetiň mejlisinde “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça meselelere garaldy
07.09.24 - 08:096-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Täze guýy önüm berdi
06.09.24 - 14:33«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk gözleýjileriniň Täçmyradow meýdançasynda burawlan guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Munuň özi ekspedisiýanyň agzybir hünärmenleriniň ýetip gelýän beýik baýrama — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady boldy.
Senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
06.09.24 - 14:31Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimizde tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça berýän gaýragoýulmasyz tabşyryklary esasynda tutanýerli zähmet çekip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir aýyny üstünliklere besleýärler.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Hazarüsti gaz geçirijisi ÝB-niň energetika howpsuzlygyna ýardam eder diýip hasaplaýar
07.09.24 - 05:27Türkmenistandan Türkiýä çenli Hazar deňziniň düýbi bilen gaz geçirijisiniň döredilmegi bu ýurtlar üçin bähbitli bolar we Ýewropa Bileleşiginiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge kömek eder. Bu barada žurnalistlere ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud habar berdi diýip, TASS belleýär.
TIF 2024-e gatnaşmak üçin 500-den gowrak wekil hasaba alyndy
05.09.24 - 10:48Geljek hepdede Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy – TIF 2024 geçiriler. Onda milli ykdysadyýeti ösdürmegiň strategiýasy, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek meseleleri maslahatlaşylar. Forum giň gerimli bolar, çünki oňa 500-den gowrak wekil gatnaşar, şol sanda düzlet düzüminiň, hususy ulgamyň, halkara guramalarynyň we daşary ýurt maýadarlarynyň wekilleri gatnaşar.
Türkmenistanyň we Şwesiýanyň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
05.09.24 - 10:47Stokgolmda türkmen-şwed syýasy geňeşlemeleri geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berilýär.
AÖB durnukly ykdysadyýete “ýaşyl” geçişde Türkmenistany goldar
04.09.24 - 15:06Aziýa ösüş banky hereketlendiriji güýji innowasion hususy telekeçilik bolan bäsdeşlige ukyply, diwersifisirlenen we ylmy bilimlere esaslanýan ykdysadyýete gönükdirilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny işe girizdi diýip, bankyň sebitleýin edarasy habar berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz, polietilen we dizel ýangyjy ýerlenildi
04.09.24 - 15:06Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
Aşgabatda TIF-2024 Maýa goýum forumyna 35 ýurtdan wekiller gatnaşar
03.09.24 - 09:08Aşgabat 10-11-nji sentýabrda geçiriljek TIF-2024 Maýa goýum forumyny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň we SÖwda-senagat edarasynyň guramagynda geçiriljek foruma eýýäm 35 döwletden 350-den gowrak wekil hasaba alyndy.
“Türkmengaz” DK “Şatlyk-1” gaz gysyjy bekedini gurmak üçin türk kompaniýasy bilen şertnama baglanyşar
03.09.24 - 03:26Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi. Degişli resminama türkmen metbugatynda çap edildi.
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini ýedi aýyň jemleri boýunça 6,3% boldy
03.09.24 - 03:25Ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.
Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy
02.09.24 - 04:4331-nji awgustda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.