TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy Hindistanda ŞHG duşuşyklarynyň gün tertibine girip biler — Financial Express
26.01.23 - 01:022023-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýän Hindistan gurama agza döwletleriň daşary işler ministrlerini 4-5-nji maýda Goa geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyga çagyrdy.
Hytaý 2022-nji ýylda Türkmenistandan 10,2 mlrd dollarlyk tebigy gaz import etdi
25.01.23 - 21:01Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Hytaýa 10 mlrd 250 mln dollarlyk tebigy gaz eksport etdi, bu geçen öňki ýylyň degişli döwründen 51% artykdyr. Bu barada TASS habarlar agentligi HHR-iň Baş gümrük gullugyna salgylanyp habar berdi.
«Rosgeologiýa» Türkmenistanda uglewodorod känlerini gözlemek hem-de işläp taýýarlamak bilen meşgullanar
24.01.23 - 21:11Aşgabatda 19-20-nji ýanwarda geçirilen Türkmen-russiýa işewürler forumynyň çäklerinde «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hem-de «Rosgeologiýa» (Rosgeo) rus holding kompaniýasynyň wekiliýetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça russiýa hünärmenler türkmen uglewodorod we peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryň känini gözlemekde we işläp taýýarlamakda tehnologik kömegini bererler.
Ýangyç-energetika toplumynyň harytlary birža söwdalarynyň öň hatarynda boldy
24.01.23 - 21:09Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepdede 13 sany geleşik hasaba alyndy.
Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi
23.01.23 - 21:48Ýurdumyzda ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow: 2028-nji ýyla çenli döwlet Türkmenistanyň ösüşine 278 mlrd dollardan gowrak maýa goýar
23.01.23 - 21:372028-nji ýyla çenli döwlet Türkmenistanyň önümçilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek we durmuş ulgamyny ösdürmek üçin 278 mlrd dollardan gowrak maýa goýar. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi
23.01.23 - 21:35Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edildi.
Ýokary derejedäki Türkmen-russiýa gepleşiklerinde söwda, energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi
20.01.23 - 22:33Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistana resmi saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Mişustin: türkmen-russiýa haryt dolanyşygynyň möçberi 1 mlrd dollar töweregi, mümkinçilik – has ýokary
21.01.23 - 00:34Häzirki wagtda türkmen-russiýa haryt dolanyşygynyň möçberi bir milliard amerikan dollaryna ýetdi, mümkinçilik has ýokary. Bu barada RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin penşenbe güni Aşgabatda geçirilýän türkmen-russiýa işewürler geňeşinde eden çykyşynda belledi diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Russiýanyň eksport merkezi nebitgaz we demirýol infrastrukturasy ulgamlarynda Türkmenistanda taslamalary goldamaga taýýar
21.01.23 - 00:30Russiýanyň eksport merkezi topary nebitgaz ulgamynda iri taslamalary, şeýle hem demirýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary goldamaga taýýar. Bu barada Russiýa eksport merkeziniň baş direktory Weronika Nikişina penşenbe güni Aşgabatda türkmen-russiýa işewürler forumynda eden çykyşynda belledi diýip, REM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň we Russiýanyň wise-premýerleri nebitgaz hem-de beýleki ulgamlarda mümkin bolan bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar
21.01.23 - 00:28Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Şahym Abdrahmanow penşenbe güni Aşgabatda iki ýurduň nebitgaz ulgamynda, elektroenergetikada, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinde we parahatçylykly atom ulgamynda özara gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy bahar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz käninde baryp gördi
20.01.23 - 22:32Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, «Galkynyş» gaz känine baryp gördi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň paýtagtynda türkmen-russiýa işewürler geňeşi öz işine başlady
19.01.23 - 22:18Penşenbe güni irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-russiýa işewürler geňeşi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň we Russiýanyň Liderleri telefon arkaly geljekki işewür duşuşyklaryň gün tertibini maslahatlaşdylar
18.01.23 - 20:52Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Russiýanyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň gün tertibini maslahatlaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleriniň dowamynda energetika howpsuzlyk meseleleri maslahatlaşyldy
18.01.23 - 20:58Türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleriniň dowamynda taraplar halkara energetika we ekologiýa howpsuzlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.