Türkmenistanyň we Kataryň diplomatlary ýangyç-energetika, maýa goýumlar, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
18.01.23 - 21:00Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Katar döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen geçirilen duşuşykda ýangyç-energetika, maýa goýumlar, ulag, aragatnaşyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda mazut, polipropilen we nebit koksy satyldy
17.01.23 - 20:06Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistana geler
17.01.23 - 20:04Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Türkmenistana geler diýip, rus habar beriş serişdeleri habar berýär. Onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda türkmen-russiýa işewürler forumyna gatnaşar.
Hoşallyk maslahaty geçirildi
16.01.23 - 22:05Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda «Ajap döwrüň, baky bagtyň eýesi, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Türkmenistanda importyň ornuny tutmagyň çäklerinde B-92 awiabenziniň önümçiligi ýola goýuldy
16.01.23 - 17:22Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda B-92 kysymly awiabenzin öndürilip başlandy.
Türkmenistanda gaz saklamak üçin ýerasty desgalar gurlar
16.01.23 - 17:20Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda gaz saklamak üçin niýetlenen ýerasty desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
«Milli önüm» kärhanasy 2022-nji ýylda 129 tonna polipropilen sapagyny eksport etdi
13.01.23 - 22:10«Milli önüm» hususy kärhanasy geçen 2022-nji ýylda 129 tonna polipropilen sapagyny eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdeleri habar berýär.
2022-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Hytaý» gaz geçirijisi boýunça 43,2 mlrd kub metr gaz iberildi
13.01.23 - 22:08Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi boýunça 2022-nji ýylda Hytaýa 43,2 milliard kub metr tebigy gaz iberildi. Bu barada Xinhua habarlar agentligi PipeChina West Pipeline Company hytaý kompaniýasynyň täzelenen maglumatlaryna esaslanyp habar berýär.
Birža söwdalarynda az kükürtli mazut eksport edildi
12.01.23 - 21:22Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 10-njy ýanwarda jemi bahasy 11,9 mln dollara we 11,2 mln türkmen manadyna barabar bolan 4 sany geleşik hasaba alyndy diýip, ORIENT habar berýär.
TNGIZT-de nebiti çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek boýunça täze desga gurmak meýilleşdirilýär
12.01.23 - 21:21Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda nebitiň gaýtadan işleniş çuňlugyny 90%-den ýokary geçirmäge ukyply täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Aşgabatda 19-20-nji ýanwarda Türkmen-russiýa işewürler forumy geçiriler
11.01.23 - 22:5619-20-nji ýanwarda Aşgabatda türkmen-russiýa işewürler forumy geçiriler, onuň barşynda işewürler geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.
«Galkynyş» käninde nobatdaky ulanyş guýusy ulanyşa girizildi
11.01.23 - 20:35Türkmenistanda tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäde iň irileriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käninde №60 ulanyş guýusy üstünlikli ulanyşa girizildi.
Birža söwdalarynda daşary ýurt puluna suwuklandyrylan gaz we tehniki kükürt satyldy
10.01.23 - 20:40Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň wekilleri ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
10.01.23 - 16:05Duşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we ulag-üstaşyr mümkinçilikleri artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Biz Türkmenistandan Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris
09.01.23 - 22:18Türkmenistan we Hytaý gaz ibermeleriniň möçberini artdyrmagyň üstünde işleýärler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Pekinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynda belledi diýip, TDH habar berýär.