Informatika boýunça halkara olimpiada öz işine başlady
18.04.24 - 05:17“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 17-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) dabaraly ýagdaýda öz işine başlady.
Türkmenistanda ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi ulanyşa girizildi
17.04.24 - 13:27Çarşenbe güni, 17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň täze ilçisi bilen energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
17.04.24 - 11:3616-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Ahsan Wagan bilen geçiren duşuşygynda bilelikdäki energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginini artdyrmak meselesini maslahatlaşdy. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berdi.
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň wekili bilen şähergurluşykda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
17.04.24 - 11:3416-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynar bilen duşuşygynda şähergurluşygy ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we TRACECA-nyň wekilleri ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
23.04.24 - 11:53Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen geçiren duşuşygynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, 16-njy aprelde Türkmenistan Halkara habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň we Estoniýanyň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylary DÝHG forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
23.04.24 - 11:51“Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň Estoniýanyň demirýollary müdirliginiň Geňeşiniň Başlygy Zimmerman Kainod we Estoniýanyň demirýollary müdirliginiň halkara gatnaşyklary we söwda gullugynyň ýolbaşçysy Weýsmann Erkki bilen geçiren duşuşygynyň barşynda iki ýurduň demirýol edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Daşkentde türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
16.04.24 - 16:1315-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Parižde maýa goýum forumynyň çäklerinde Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçiriler
16.04.24 - 16:1224-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň (TEIF-2024) çäklerinde beýik türkmen şahyry, pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe medeni çäreler geçiriler.
Maslahat geçirildi
16.04.24 - 04:05«Türkmengaz» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Zähmeti goramakda kärdeşler arkalaşyklarynyň wezipeleri we hukuklary» atly maslahat geçirildi.
6-njy tapgyr
16.04.24 - 04:00Aklar başlaýar we utýar
Nebitgazçylaryň ýokary okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
16.04.24 - 04:20Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlar we talyplar köpçüligi gatnaşdy.
Aşgabatda DÝHG agza döwletleriň wekilleri demir ýol daşamalaryny döwrebaplaşdyrmagyň meselelerini maslahatlaşýar
16.04.24 - 16:2815-nji aprelde Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. Wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.
Türkmen-amerikan geňeşmeleriniň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi malahatlaşyldy
15.04.24 - 14:3814-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
15.04.24 - 14:37Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
Energetika boýunça Türkmenistan – ÝB Iş topary Brýusselde ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
15.04.24 - 03:02Türkmen gazynyň ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, metan zyňyndylary we gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri Energetika boýunça Türkmenistan ÝB Iş toparynyň Brýusselde 12-nji aprelde geçirilen mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.