TNGIZT-de “Gidro Plýus” dizel ýangyjyny öndürmegiň tehnologiýasy ornaşdyryldy
16.05.24 - 11:38Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Gidro Plýus” dizel ýangyjyny öndürmegiň tehnologiýasy önümçilige ornaşdyryldy.
Ankara we Baku Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä türkmen gazyny ibermegi ylalaşdylar
16.05.24 - 11:28Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mihail Jabbarow 14-nji maýda Stambulda Tebigy gaz ulgamynda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler diýip, TRT türk ýaýlymy habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň senagatlaşdyrylmagynda ýapon kompaniýalarynyň goşandyny belledi
15.05.24 - 14:1114-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
15.05.24 - 14:09Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki Prezident Serdar Berdimuhamedowy geljek ýyl Ýaponiýada “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Endo Toşiaki 14-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň maslahatynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
15.05.24 - 14:0614-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» atly Bilelikdäki maslahatynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
15.05.24 - 07:15«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.
Energetika ministrligi, “Türkmengaz” we GIZ özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
15.05.24 - 14:1314-nji maýda Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna başgyşlanyp geçirilen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişlik dabarasy geçirildi diýip, ORIENT habar berýär.
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
14.05.24 - 06:03«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI we bu institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahata nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.
Şaşka bäsleşigi
14.05.24 - 06:38Aklar başlaýar we utýar
TDHÇMB-niň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
14.05.24 - 11:34Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
14.05.24 - 11:3413-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Türkmenistan we ÝB 14-nji maýda 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň tejribesini we geljegini maslahatlaşarlar
13.05.24 - 09:41Türkmenistan we ÝB 14-nji maýda geçiriljek maslahatda 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini we täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklady
13.05.24 - 09:40Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Degişli resminama habar beriş serişdelerinde çap edildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini we maddy-tehniki binýadyny berkitmegiň ýollary maslahatlaşyldy
11.05.24 - 13:1910-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide XIII Halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
10.05.24 - 11:47Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 7-9-njy maýda Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.