OGT-2022-ä gatnaşmak üçin eýýäm 20 ýurtdan 250-den gowrak wekil bellige alyndy
14.10.22 - 19:54Häzirki wagtda 26-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2022) XXVII Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklary bellige almaklyk dowam edýär diýip, forumyň guramaçylary habar berýär. Hususan-da, OGT-2022-ä gatnaşmak üçin eýýäm 20 ýurtdan 250-den gowrak wekil bellige alyndy.
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine we GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy
14.10.22 - 19:53Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» Sammitine gatnaşmak üçin we döwlet sapary bilen Gazagystan Respublikasyna bardy. Şenbe güni Türkmenistanyň Baştutanynyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy başlanar diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
TNGIZT-niň nebit önümlerini eksport we marketing müdirligi işini bes etdi
13.10.22 - 20:47«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit önümlerini eksport we marketing müdirligi işini bes etdi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň sahypalarynda habar berildi.
15-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
13.10.22 - 20:45Çarşenbe güni Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilen wideoaragatnaşyk görnüşindäki duşuşykda 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkiýe Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ýewropa üstaşyr geçirilmegini üpjün etmäge taýýar
13.10.22 - 20:46Berlinde geçirilýän IV Türk-german energetika forumynyň dowamynda Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Türkiýäniň türkmen tebigy gazyny ýewropa bazarlaryna üstaşyr geçirmäge taýýardygyny we munuň üçin mümkin bolan ähli zatlary etjekdigini beýan etdi. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» sergisi: innowasiýalar we hyzmatdaşlyk
12.10.22 - 22:2026-njy oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» diňe bir XXVII Halkara maslahaty däl, eýsem, üç günlük adybir Halkara sergisi hem geçiriler diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Dokuz aýyň jemlerine garaldy
12.10.22 - 01:57Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de toplumy ösdürmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň dokuz aýda ösüşiniň netijeleri jemlendi
12.10.22 - 00:42Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Türkmenistanda ýanwar-sentýabrda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 % ýokarlandy
12.10.22 - 00:402022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.
Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
11.10.22 - 17:05Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara boljak sapary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň geologiýa kolleksiýasynyň üsti täze eksponat bilen dolduryldy
11.10.22 - 17:04Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Köýtendag daglarynda geologiýa işleriniň barşynda ýüze çykarylan, ýura döwrüne degişli taryhy korallaryň toplanan daşyny berdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy habar berýär.
TNGIZT korporatiw awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär
11.10.22 - 17:03Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy kärhananyň işine sanly tehnologiýalaryň binýadynda korporatiw awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.
«Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşi: hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
07.10.22 - 19:355-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistan hazarýaka döwletlerini energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy
07.10.22 - 19:34Türkmenistan hazarýaka döwletlerini energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Hökümetiniň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradow penşenbe güni Moskwada geçirilen Hazar ykdysady forumynda eden çykyşynda belledi. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistan we Hytaý ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýe — Halk Maslahatynyň Başlygy
05.10.22 - 17:05Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan möhüm ugry ýangyç-energetika pudagy bolup durýar we ýurtlar bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň habar beriş serişdeleri üçin söhbetdeşliginde belledi.