«Çeleken» şertnamalaýyn çäginde nebitiň çykarylyşyny artdyrmak meýilleşdirilýär
03.10.22 - 21:11Häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan «Çeleken» käniniň düzümine girýän meýdançalary düýpli özleşdirmek, täze nebit guýularyny gazmak arkaly çykarylýan nebitiň möçberlerini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Owganystanyň häkimiýeti oktýabrda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär
30.09.22 - 20:33Owganystandaky häzirki şertler TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan mümkinçilikleri döretdiler. Bu barada ikinji wise-premýer Molla Abdyl Gani Baradar TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň baş direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşygynda beýan etdi diýip Orient ýazýar.
Döwlet Maslahatyna gatnaşyjylara söz berýäris
30.09.22 - 20:19— Döwlet Maslahatyna gatnaşmagymy uly buýsanç we uly jogapkärçilik diýip hasaplaýaryn, onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyz bilen bilelikde ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdy.
SOCAR Trading SA — «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň brilliant hyzmatdaşy
30.09.22 - 19:47Global energetika treýderi bolan SOCAR Trading «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahatynyň brilliant hyzmatdaşy diýlip yglan edildi diýip, ýakynda geçiriljek çäräniň guramaçysy — Turkmen Forum kompaniýasy habar berdi.
«Demirgazyk akymda» adatdan daşary ýagdaý: Ýewropa «bilini berk guşaýar»
29.09.22 - 17:35Anna güni, 30-njy sentýabrda «Demirgazyk akymy» we «Demirgazyk akymy-2» gaz geçirijilerine amala aşyrylan diwersiýalar bilen bagly BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi gyssagly mejlis geçirer diýip, dünýäniň habar beriş serişdeleri belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09.22 - 17:36Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Buried Hill Energy» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosy kabul etdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.
Oktýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahaty we sergisi geçiriler
29.09.22 - 15:012022-nji ýylyň 26-28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Çäräniň guramaçylary bolup «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda GaffneyCline britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde çykyş edýär. Bu barada forumyň guramaçylarynyň metbugat beýanynda aýdylýar.
Türkmenistanda ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy dabaraly bellenildi
28.09.22 - 19:57Türkmenistanda ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy baýramçylyk dabaralaryna beslenilip bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
26.09.22 - 22:12Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen ýekşenbe güni geçiren duşuşygynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebitgaz känlerini işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Türkmengaz» DK «Трубная металлургичeская компания» kompaniýasyndan önümleri satyn alar
26.09.22 - 22:11«Türkmengaz» döwlet konserni dürli görnüşli turba önümlerini satyn almak barada «Трубная металлургичeская компания» (Russiýa Federasiýasy) jemagat paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşar.
Prezident: Türkmenistanda 2028-nji ýyla çenli 278,9 mlrd manat özleşdirmek meýilleşdirilýär
26.09.22 - 22:102028-nji ýyla çenli Türkmenistanda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda belledi. Bu çäreler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutuldy.
Daşoguz welaýatynyň gazçylary güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegi dowam edýärler
23.09.22 - 17:32«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk jemgyýetiniň gazçylary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk toýuna uly zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Şu ýylyň 8 aýynda kärhananyň işgärleri uzynlygy 550 km töweregi bolan dürli basyşly bitewi gaz ulgamynyň durnukly işini üpjün etmegiň hötdesinden geldiler. Şeýle hem 445 sany gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy desgalaryň sazlaşykly işi ýol goýuldy.
«Garaşsyzlyk ýyllarynda gaz senagatynyň ylmy ösüşi»
23.09.22 - 16:09Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň guramagynda institutyň mejlisler zalynda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkiýe 2023-nji ýyldan öz tebigy gazyny ulanyp başlar
23.09.22 - 17:332023-nji ýylyň mart aýyndan başlap, Türkiýe öz tebigy gazyny ulanyp başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez beýan etdi diýip, Trend habar berýär.